MAKALA

Welosipedi dolandyrmagyň düzgünleri

Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulag bolup, ol diňe hereket üçin däl, eýsem paýhasa, saglygy goraýşa we ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmäge, sporta bolan elýeterliligi üpjün etmäge uly mümkinçilik berýär. Welosiped sürmek bilen meşgullanmak adamlaryň beden saglygynyň berkemegine, hususan-da, injik, uýluk, oňurga süňkleriniň hereketde bolmagyna, myşsalaryň kadaly işlemegine oňaýly täsir edýär.

Bu babatdaky işleri nazara alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýollarda welosipedi dolandyrmagyň bildirilýän talaplaryny, has takygy, tigriň öňünde, yzynda we tekerlerinde yşyk gaýtaryjylarynyň üpjün edilmegini hem-de ýoluň ýagtylandyrylmadyk ýerlerinde ony dolandyryjy adamyň dürli görnüşli yşyk gaýtaryjylar bilen üpjün edilen geýimleri geýmelidigini maslahat berýär! Şeýle-de Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynda görkezilen ýol belgileriniň jeminde: 1.21 — tigir ýodajygy bilen kesişme, 3.9 — tigirli hereket gadagan, 4.5 — tigir ýodajygyny aňladýan ýol belgileriniň talaplaryndan ugur alyp, ähli ýollarda mümkin boldugyça sagrakdan, hüşgärligi elden bermän dolandyrmalydygyny ýatladýar.

Hut şu jähetden hem Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň 24.3 bendinde tigir dolandyrýan sürüjilere şu aşakdakylar gadagan edilýär:

Iň bolmanda, bir eli bilen destden tutman sürmek;

Ygtybarly aýakbasgyç bilen enjamlaşdyrylan, goşmaça oturgyçda 7 ýaşa çenli bolan çagadan başga ýolagçylary gatnatmak;

Uzynlygy ýa-da ini boýunça 0,5 metrden köp bolan ýa-da dolandyrmaga päsgel berýän ýüki daşamak;

Gapdalynda tigir ýodajygy bar bolan ýerlerde hereket etmek;

Tigirleriň sürüjileri çatrykdan başga ýerlerde ýerleşen tigir ýodajygy bilen ýoluň düzgünleşdirilmeýän kesişmesinde, şol ýolda hereket edýän ulaglara ýol bermelidir. Şeýle hem ähli ýollarda 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň tigir dolandyrmagy gadagandyr!

Hormatly tigir dolandyrýan sürüjiler! Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý ediň! Ýol belgileriniň talaplaryna ünsli boluň! Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygydyr. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy. Ýoluňyz ak bolsun, eziz watandaşlar!

 

Döwran Amanmyradow.

  • 44
  • 01.06.2019