MAKALA

Ýamanlyga ýagşylyk

Ir döwürler derýanyň boýunda bir husyt baý ýaşapdyr. Balyk tutup, gününi görýän bir balykçy oňa tutýan balyklaryny satyp gidýär ekeni. Baý her gezek getirilen balyklary arzan bahadan aljak bolup bahana tapýarmyş. Balykçynyň bolsa köneje gaýygyndan we torundan başga zady ýokmuş. Günlerde bir gün baý derýanyň kert kenarynda durka, gyrasy opurylyp suwa gaçýar. Ýüzüp bilmänsoň, baý gark bolup başlaýar. Şol mahal balykdan gaýygyň içini dolduryp, kürekläp gelýän balykçy baýyň gark bolýandygyny görýär-de, oňa tarap kürekläp başlaýar. Baý gaýygyň gyrasyna ýapyşanda balykçy onuň kiçijik gaýyga sygmajakdygyna gözi ýetip, gaýygyň içindäki bar tutan balygyny suwa goýberýär-de, ony gaýyga mündürýär. Baý gaýygyň içiniň boşandygyny görüp: «Sen bu giden balyklary näme üçin suwa goýberäýdiň, bu seniň gazanjyň dälmi?» diýýär. Balykçy bolsa: «Meniň üçin adamyň jany puldan gymmat. Men puly nädeýin, adam heläk bolup durka?! Adama ýagşylyk edip bilmesem, ony halas edip bilmesem, meniň är kişi bolmadygym bolardy» diýip jogap berýär. Baý çuň oýa batýar-da, içini gepledýär: «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir». Şol bolan wakadan soň, baý her gezek balykça bermeli puluny kemeltmän berip başlapdyr.

 Ogulsuraý Goňurowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

  • 60
  • 03.06.2019