MAKALA

Seniň ýaşyňda

Beýleki musulman döwletlerinde dünýewi kanunçylygyň entek ýok mahaly, onuň ýerine şerigatyň hereket edýän wagty Süleýman Kanunynyň döwründe döwletiň her bir etraby üçin kanunnamalar, ýagny kanunlaryň ýygyndysy düzülipdir. Döwletiň ähli ýerleri üçin umumy kanunlaryň ýygyndysy bolsa döwletiň ähli kazylaryna (musulman kanunçylygyna seredýän adamlar) iberilipdir. Dürli dini ynançdaky, medeniýetdäki we jemgyýetçilik-ykdysady däplerdäki halklary öz içine alýan ägirt uly döwleti dolandyrmak üçin şol halklaryň aýratynlygyny göz öňünde tutmalydy.

Süleýman öz özgertmeleri bilen täze hukuk gurluşyny döretmekçi bolmandyr — ol täze şertlere hem-de çäkleri giňelen döwletiň talabyna laýyklykda, öňki kanunlary döwrebaplaşdyrypdyr. Şol bir wagtyň özünde çylşyrymly adat hukugy ulgamyny we hukuk tejribesini sadalaşdyrypdyr we anyklaşdyrypdyr. Ol öz kanunçylyk özgertmesinde iki zada — döwlet dolandyryş edaralaryna (sekulýar we ýerine ýetiriji edaralar) we musulman edaralaryna (dini we kanun çykaryjy guramalara) daýanypdyr. L.Kinross Süleýmanyň döwründe döwlet gullukçylarynyň köpüsiniň hristian gelip çykyşly ýaşlaryň arasyndan taýýarlanylandygyny, olaryň soltana: «Men Beýik Jenabyň guludyryn» diýip ýüzlenmegi özlerine bagt bilendigini ýazýar. Munuň özi Süleýmanyň döwlet dolandyryşynda onuň çäklerinde ýaşaýan dürli dini ynançdaky beýleki milletleriň wekilleriniň başarnygyndan hem ýerlikli peýdalanandygyny görkezýär. Şonuň bilen birlikde, döwlet gullukçylarynyň esasy bölegi — kazylar, dini ulamalar, müderrisler diňe musulmanlaryň arasyndan taýýarlanypdyr. Olar yslamyň mukaddes kanunlaryny goraýjylar we ata-babalardan gelýän däp-dessurlary saklaýjylar bolupdyr.

Döwletiň esasy sütüniniň adalata daýanmalydygyna ynanan Süleýman ýönekeý raýatlardan başlap, ähli döwlet gullukçylarynyň kanuna gulluk etmegini gazanmak isläpdir. Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek üçin gullukçylaryň dogry saýlanyp alynmagy barada aladalanypdyr. Döwlet gullukçylaryndan döwlete wepaly gulluk etmegi, adalatly bolmagy, para almazlygy talap edipdir. Wezipä bellemezinden öň olaryň başarnygyna we ukybyna magat göz ýetiripdir. Şonuň üçin hiç kim soltana tanyşlyk arkaly wezipä adam hödürlemekden çekinipdir. Kanuny salykatly, berk erkli adam bolupdyr. Hiç bir meselede-de gyssanmaçlyk etmändir, belli bir karara gelmezden öňürti ol barada oýlanyp, ölçerip-döküp, töweregindäki wezirleri bilen maslahatlaşyp, soň netijä gelipdir. Şondan soň gelen kararyndan hiç wagt ýüz öwürmändir. Şol sebäpli hökümet agzalary hem karara gelmezden öň ol barada kelle döwmäge mejbur bolupdyrlar. Süleýman Kanuny öz bähbidini döwletiň bähbidinden ileri tutan adamlary, eger ol iň ýakyn, gowy görýän adamlary bolsa-da, sylap goýmandyr. Döwletiň abraýyna zeper ýetirjek hiç bir zada rugsat bermändir. Muny öz töweregindäkilerden hem berk talap edipdir.

Süleýman Kanuny günäsiz ýere hiç kime jeza berilmegine ýol bermändir. Onuň döwründe günäsi subut edilmedik hiç bir gullukçy wezipesinden boşadylmandyr. Bir gezek wezipesinden boşadylan adam gaýdyp döwlet gullugyna alynmandyr. Kanunynyň döwründe köşk halk üçin elmydama açyk bolup, halk öz derdini soltana ýetirip bilipdir. Süleýmana «Kanuny» lakamynyň berilmegi onuň kanunlary kabul etmeginde dälde, kanunlaryň rüstemligini gazanmagynda hem-de raýatlaryna kanunlar boýunça ýaşamak endigini gazandyryp bilendigindedir. Waşingtonda ABŞ-nyň Kongresiniň galereýasynyň öňünde Süleýman Kanunynyň heýkeliniň goýulmagynyň özem kanunlarynyň rüstemligini gazanan bu türkmen hökümdaryna tutuş dünýäniň goýýan hormatyndan nyşandyr.

Süleýman Kanunynyň döwründe Osman türkmenleriniň döwletiniň dolandyryş ulgamy doly resmileşdirilipdir. Onuň döwründe ägirt uly döwleti merkezden dolandyrmagy ýeňilleşdirmek üçin her bir welaýatyň ýerli aýratynlyklary göz öňünde tutulypdyr. Merkeze gönüden-göni tabyn bolan welaýatlar käbir içerki dolandyryş aýratynlyklary bilen tapawutlanypdyr: olar her ýyl merkezi gazna salgyt töläpdirler, öz çäklerinde ýanyçar goşunyny (täze nusgadaky goşun) saklap, döwletiň alyp baran ýörişlerine gatnaşypdyrlar. Käbir aýratyn hukukly welaýatlar bolsa öz üstünden soltanyň ýokary häkimiýetini ykrar etmek şerti bilen doly özbaşdaklygyny saklapdyrlar. Döwlet gurluşy, salgyt ulgamy we ýere eýeçilik etmegiň we ondan peýdalanmagyň düzgünleri doly düzgünleşdirilipdir. Süleýman ýer eýeçiligini hem düzgünleşdiripdir. Täze kanunçylyga laýyklykda, welaýat häkimlerine diňe harby gulluk üçin berilýän kiçeňräk mülkleri — «timar ýerlerini» paýlamaga rugsat berlipdir. «Kanunnama» döwletiň çäklerindäki hristian ilatynyň hukuklaryny we borçlaryny hem kesgitläpdir. «Raýat kodeksi» diýlip atlandyrylan bu kanuna görä, hristian ilaty sypaýylara, ýagny harbylara paýlanyp berlen ýerlerde zähmet borçlaryny ýerine ýetirmeli bolupdyr. Olardan jan başyna salgyt we önümiň ondan biri möçberinde salgyt alnypdyr. Zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän hem-de salgydyny töleýän daýhanlar şahsy taýdan doly erkin bolupdyr.

Orta asyr Ýewropasynda daýhanlaryň ýeriň eýesine, ýagny feodala «Krepostnoýçylyk hukugy» arkaly şahsy taýdan berkidilen hem-de kemsidilmelere we ten jezasyna sezewar edilýän zamanasynda Osman türkmenleri ýer eýeçiligi babatda iň ynsanperwer syýasaty ýöredipdirler. Osman döwletiniň tabynlygyndaky daýhanlaryň erkinligini görüp, köp hristian döwletlerindäki daýhanlar gaçyp, bu döwletiň tabynlygyna geçipdirler. Bu barada döwürdeş hristian awtorlaryň biri şeýle ýazypdyr: «Men öz öýlerini ýakyp, aýalyny, çagalaryny we iş gurallaryny alyp, Osman döwletiniň mülklerine gaçyp geçen wenger daýhanlarynyň ençemesini gördüm. Täze baran ýerinde hasylyň ondan birini tölänsoň, olar başga salgyt tölemändir we hiç bir zuluma sezewar edilmändir». Bu ýagdaýyň özi Osman türkmenleriniň döwletinde hiç hili dini kemsitmeleriň ýa-da Günbatar çeşmeleriniň käbirinde nygtalýan «türk zulumynyň» bolmandygyny görkezýär.

(Dowamy bar)

 Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 36
  • 03.06.2019