MAKALA

Öz energiýasyny öndürer

Ylmy barlag geçirijiler howadan suw we uglerod ýygnap, öz energiýasyny öndürýän serginlediji işläp düzmegiň aladasyny edýärler. Mälim bolşy ýaly, serginledijiler köp energiýa talap edýär. Energiýanyň sarp edilmegi bolsa, global maýylganlyga sebäp bolýar. Şol sebäpli global maýylganlyk bilen göreşmegiň çäklerinde serginledijiler üçin hem aýratyn taslamalar durmuşa geçirilýär. Golaýda Germaniýanyň Karlsrue Tehnologiýa institutynyň hünärmenleriniň taýýarlan ylmy işi «Nature Communications» žurnalynda çap edildi. Hünärmenler howadan kömürturşy gazyny we suwy ýygnap biljek serginlediji ulgamlary işläp taýýarlaýar. Şuňa meňzeş uglerod ýygnaýan ulgamlar häzirki wagtda «Climeworks» we beýleki şereketler tarapyndan hem işlenip düzülýär. Ýygnalan suw we kömürturşy gazy uglewodorod ýangyjyna öwrüler. Şeýlelikde, iş ofislerinde we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda köp mukdarda ýangyç toplanar. Hünärmenler mysal hökmünde Frankfurtdaky «Fair Tower» işewürlik binasyna serginlediji ulgamyň täze görnüşini ornaşdyrmak bilen her sagatda müňlerçe tonna uglerod toplanyp bilinjekdigini belleýär. Bilermenler täze ulgamyň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda uly peýdasynyň boljakdygyna ünsi çekip, munuň durmuşa geçirilmegi üçin tehnologiýanyň has hem kämilleşdirilmelidigini aýdýarlar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

 

  • 70
  • 03.06.2019