MAKALA

Welosport sporty bütindünýäde dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasaty  bütin dünýäde dabaralanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyçlary bütindünýäde uly goldawa mynasyp boldy. Bu bolsa ýurdumyzda welosport sportuny ösdürmekde, ýaşlarymyzy sportuň bu görnüşine çekmekde zerur işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyl «Bütindünýä welosiped güni» dünýäde ilkinji gezek bellenildi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem «Bütindünýä welosiped güni» ýokary derejede bellenilip geçildi. Bu halkara baýram mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, welosipedli ýörüşler baýramçylyk ruhunda dabaraly ýagdaýda ýaýbaňlandyryldy. «Bütindünýä welosiped güni» mynasybetli çäreler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda welosipedli ýörişler baýramçylyk ruhuna beslendi. Serhetçiler ýurt boýunça geçirilen welosipedli ýörişlere gatnaşdylar, harby bölümlerde geçirilen şeýle ýörişler, sport çäreleri harby gullukçylaryň ruhuny belende göterdi.

«Sport dostlugyň ilçisi» diýip belleýän hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny «Bütindünýä welosiped güni» bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle halkara baýramy Diýarymyzda ýokary derejede belläp berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!    

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

  • 32
  • 03.06.2019