MAKALA

«Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi çagalara gujak açýar

Şu günler ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen çagalar Diýarymyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine dabaraly ýagdaýda ugradylýar. Köpetdagy etekläp oturan Gökdere jülgesinde ýerleşýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi bu ýyl hem öz körpejelerine gujagyny giňden açdy. Bu çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezine Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleriniň hem çagalary  ugradyldy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby gullukçylaryň maşgala agzalary hakyndaky aladalarynyň dabaralanmasy bolan bu sagaldyş-dynç alyş merkezinde çagalaryň wagtlaryny gowy geçirmekleri üçin sport ýaryşlaryň, dürli medeni-köpçülikleýin çäreleriň, bäsleşikleriň geçirilmegi hem göz öňüne tutulandyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle aladalaryndan göwünleri galkynýan körpeje nesillerimiziň bagtyýar döwrümize buýsançlary çäksizdir.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

  • 61
  • 03.06.2019