MAKALA

Türkmen agyr atletikaçylarynyň bürünç medaly

Ýuwaş ummanynyň günorta böleginde ýerleşýän Fiji döwleti şu ýylyň 1-8-nji iýuny aralygynda paýtagty bolan Suwa şäherinde agyr atletika boýunça geçirilýän ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirip, birnäçe günläp dünýäniň agyr atletikasynyň merkezine öwrüldi. Bu çempionata dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň 250-ä golaýy gatnaşdy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyna türgenlerimiziň 4-si wekilçilik etdi. Olar bilen ýaryş geçýän ýerine eminleriň hem 4-si geldi.

73 kilogram agramlyk derejedäki ýaryşda bäsleşik ýiti boldy. Netijede, ýaryşyň münberiniň üçünji basgançagyna Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň birinji ýyl talyby Maksat Meredow çykdy.

Türkmen pälwany ýaryşda silterläp 139 kilogram, itekläp 173 kilogram, umumylykda bolsa 312 kilogram göterip, M.Meredow bürünç medala mynasyp boldy.

Bu agram derejesinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Kammings J.Klarens jemi 337 kilogram göterip, ýeňiji bolmagy başardy. Ikinji orny Moldowa Respublikasynyň pälwany Robi Marin (320 kilogram) eýeledi.

Agyr atletika boýunça geçirilen ýaşlaryň arasyndaky çempionat dowam edýär. Türkmenistanyň ýaşlar topary häzirki ýeňişden ruhlanyp, mundan beýläk-de sylaglary almak ugrunda bäsleşerler.

  • 31
  • 04.06.2019