MAKALA

Ýurdumyzda ýene bir täze dünýä rekordy goýuldy

3-nji iýunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bellenilip geçilen «Bütindünýä welosiped güni» taryhy wakalara baý boldy. Ak şäherimiz Aşgabatda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp guralan dabaraly çäräniň dowamynda öz gezeginde çykyş eden «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýde Subaşi-Gemiji 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordynyň täzelenendigini habar berdi.

Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherjiginiň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.

Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili we emin Şeýde Subaşi – Gemiji bellige aldy. Bu waka «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli sertifikat bilen tassyklanyldy. Ol sertifikat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan dabarada gowşuryldy.

  • 65
  • 04.06.2019