MAKALA

Pendi ýaýlasyna seýran edip

 

Uzak ýollardan, depelerden aşyp, Pendi ýaýlasyna ýakynlaşdyrýan otly biziň barmaly ýerimizde saklandy. Ir säher bilen otly menzilinde bizi garşylan tejribeli serkerde: «Pendi ýaýlasynyň gül-güläleklerini, bu ýaýylyp ýatan gözellikleri näçe synladygyňça synlasyň gelýär. Bu belent depelerde biziň eziz Watanymyzyň araçägi — mukaddes serhedimiz goralýar. Mukaddes toprakda, şu gözellikleriň içinde Watanymyzyň dost-doganlyk serhedini goraýandygymyza buýsanýarys» diýip, begençli ýylgyrdy.

Gözelligiň goýnuna imrigip, serhet birikmä baranymyzy-da duýman galypdyrys. Ulagdan düşenimizde serhetçi esgerlerimiziň belent owazlar bilen aýdym aýdyp, ertirlik naharyna barýan wagtlaryna gabat geldik. Merdana serhetçilerimiziň aýak goşup, ýerine ýetirýän aýdymlaryny diňläp durşuma özümiňem hiňlenenimi duýmandyryn. Aýdymyň sözlerini serhetçi esgerler bilen bile gaýtalanymy gören serkerde ýanyma gelip: «Hakyky serhetçi şeýle-de bolmaly» diýip ýylgyryp, Pendi ýaýlasynyň goýnunda ýerleşýän «Ýekegowak» ýadygärlik toplumyna alyp gitmäge ulagyň gelendigini habar berdi.

Özboluşlyja şäherçäniň içinden, kiçeňräk belentli-pesli ýollardan aşyp, «Ýekegowak» ýadygärligine golaýlaşanymyzda, serhetçi lybasyndaky serkerdelere we esgerlere gözümiz düşdi. Onýança-da terbiýeçi serkerde harby gullukçylarymyzyň «Ýekegowak» ýadygärligine gezelenje yzygiderli gelýändiklerini we bu gowagyň taryhy barada ýaş esgerlerimize gürrüň berýändiklerini aýtdy.

Taryha ýüzlensek, öz döwründe «Ýekegowak» ýadygärliginiň töwereginde 10-12 sany gowak bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen gowaklar ýitip gidipdir. Häzirki wagtda şol gowaklaryň biri tapylypdyr. Ol gowaga-da «Ýekegowak» diýip at beripdirler. Gowagyň nä­bel­li us­sa­lar tarapyndan 1500—2000 ýyl mundan ozal gurlandygy hakynda çaklamalar bar. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, gowagyň esasy görnüşiniň, ýagny ýerasty örtüginiň ozalky uzynlygy 46 metr bolup, häzirki wagtda gowagyň esasy girelgesiniň uzynlygy 33 metre barabar. «Ýekegowak» ýadygärligi 2 gatdan ybarat bolup, 45 otagy özünde jemleýär. Otaglaryň her biri belli bir maksat esasynda gurlupdyr. Bu ýadygärligiň aýratynlygy — daşarda howa nähili ýagdaýda bolsa, gowagyň içi hem şeýle. Hatda içinde ses ýaňlanmazlyk maksady bilen diwarlaryň ýüzüne çyzyklar hem çyzylypdyr. Bu taryhy ýadygärlik 1991-nji ýyldan bäri «Gadymy Merw» taryhy we medeni goraghanasy tarapyndan hasaba alnyp, aýawly goralyp saklanylýar.

Gowagyň içi bilen doly tanşanymyzdan soň, biz bellenilen meýilnama esasynda serhet galalara tarap gadam goýduk. Daş-töwerek güllerden ýaňa haly düşelen ýalydy.

Tebigatyň jana şypa howasyndan kükregimizi dolduryp, serhet gala bardyk. Döredijilik toparymyz bilen serhetçi esgerlerimiziň naharhanasyndaky mümkinçilikler, şertler bilen ýakyndan tanyşdyk. Ol ýerde esgerlerimiz üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Aşpez esgerlerimiz bize özleriniň taýýarlaýan çörekleri, bişirýän naharlary hakynda gürrüň berdiler.

Şondan soňra biz ýaýlanyň läle-reýhan keşbini surata düşürmek maksady bilen seýle çykdyk. Türkmen tebigatynyň baý görnüşi meni haýrana goýup, gulagyma Gurbannazar şahyryň:

Bahar meýlisinde çyksaň seýrana,

Türkmen sährasynyň aldyr gülleri.

Başyň sypap, seni goýar haýrana,

Belent daglaryndan öwsen ýelleri – diýen setirleri eşidilip gitdi.

Ine, seniň öňüňde — türkmeniň güllere baý sährasy, ata Watanyň mukaddes serhedi. Biz — ata-babalarymyzyň edermenliginiň, batyrlygynyň, gaýduwsyzlygynyň mizemez binýatly dowamy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň serhetçileri! Dost-dogana hoşniýetli, lebzine ygrarly, parahatçylyk söýüjilikli halkymyzyň goragynda durmak bolsa, biziň bagtly ykbalymyza berlen uly paýdyr!

 

Selbi Aşirowa.

 

  • 40
  • 05.06.2019