MAKALA

Ikinji ornuň eýesi

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda sportuň söweş sambo ugry boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşlar zehinli türgenleri ýüze çykarmaga, olary höweslendirmäge we goldamaga uly itergi berdi. Oňa ýurdumyzyň dürli pudaklaryndan ezber türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndan 100 kg agram derejesinde Polat Gündogdyýew çykyş edip, ikinji orna eýe bolmagy başardy. Serhetçi türgeniň bu gazanan üstünligi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda Gullugymyzyň sport mümkinçilikleriniň, döredilýän şertleriň çäksizdigini ýene bir ýola subut etdi.

Biz hem serhetçi türgeni bu ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Geljekde şeýle ýeňişleriniň höwrüniň köp, sportda şowlulyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 32
  • 05.06.2019