MAKALA

Taryhymyzyň şöhratly yzlary

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň çäginde ýerleşýän Dargangala hem-de Baýhatyn (Daýahatyn hem diýilýär) ady bilen at-owazasy äleme dolan taryhy ýadygärlikler halkymyzyň buýsanjydyr.

Taryhy maglumatlarda beýan edilişine görä, Dargangala — kerwen ýolunyň ugrunda Baýhatyn kerwensaraýyndan 50 km golaý demirgazykda ýerleşýän we altynjy duralga hasaplanýan taryhy ýadygärlikleriň biridir. VII – VIII asyrlara degişli bu gala Birata etrabynyň merkezinden 4-5 km golaý gündogarda ýerleşýär. Galanyň tutýan meýdany 8 gektara golaý bolup, diwarlarynyň beýikligi 6-8 metre barabardyr. Galanyň diwarlarynyň ini 3-5 metr çemesidir. Dargangala iki gatdan — aşaky we ýokarky gatlardan ybaratdyr. Ýokarky gaty ýaşamak üçin niýetlenendir. Bu gala X asyrda Merw we Köneürgençden soň ösen şäherleriň hatarynda üçünji orunda bolupdyr. XII asyryň ikinji ýarymynda Dargangala Horezm, Ürgenç ýaly atly şäherler bilen bäsleşipdir. Kerwen ýolunyň ugrunda amatly ýerde ýerleşendigi üçin bu ýerde söwda-satuw işleri ösen bolupdyr. Gala palçykdan salnypdyr. Onuň salnyşy barada halk arasynda rowaýat hem bar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, galanyň tutýan meýdany 50 gektara golaý bolup, ol bir baý aýala degişli eken. Ol aýal söwda, senetçilik we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Ol aýal bu ýerden gidende, onuň köp baýlygy bilen ýedi hum altyny ýer astynda galanmyşyn. Galanyň ösüşi hem togtanmyşyn. Arap goşunynyň serkerdesi bolan Dak Ýunusyň ýoly şu galanyň üstünden düşüpdir. Şonda ol ýerli adamlardan galada ýer astynda ýedi hum altynyň galandygyny eşidýär we onuň gözlegine girişenmişin. Rowaýatda aýdylyşyna görä, köp mukdarda altyn tapan serkerde özünden at galdyrmak üçin galanyň täzeden gurluşygyna jar çekdirip, örän köp adam ýygnapdyr. Adamlaryň bir bölegine galanyň demirgazygyndaky häzirki ekerançylyk meýdanyndan palçyk taýýarlamagy, bir bölegine tokaýdan agaç çapyp getirmegi, beýleki bir bölegine kerpiç guýmagy tabşyranmyş. Tabşyryklar ýerine ýetirilenden soň hünärmenleri toplap işe başlanmyş. Beýik gyra söýelip goýlan agaçlardan ýasalan zeňňilerde (merdiwan) köp sanly adamlar palçygy elden-ele berip, ýokary çykaranmyşlar, ýokary çykarylan palçygy zemmelerde we arabalarda daşap, galany salanmyşlar. Şondan soň bu galanyň adyna Dak Ýunusyň ady galanmyş. Galanyň on ýerinde kerpiçden salnan garawulhanalar bolupdyr. Şeýle-de Dargangala başga-da dürli hili atlandyrylypdyr. Köne gala, Ak gala, Dak Ýunusyň galasy ýaly atlar ilat arasynda aýdylýar. Köne gala diýilmegi bu galanyň has gadymydygyny aňladýan bolsa, Ak gala diýilmegi X asyrda has ösüp, uzak ýollardan agaryp görünýändigi üçin aýdylypdyr. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Dargangalada işlän arheologlar onuň haýsy döwre degişlidigini kesgitläpdirler. Gala orta asyrlarda güýçli ösen Horezm döwletiniň düzümine giripdir. XIII asyryň ahyrlarynda we XIV asyryň başlarynda Horezm döwletiniň pese gaçmagy bilen galanyň ösüşi hem has peselipdir we ýaşaýyş bolmandyr. Mongollaryň Orta Aziýa çozuşyndan soň Dargangaladyr we köp sanly ýadygärlikler hem-de kerwensaraýlar bütinleý diýen ýaly dargadylypdyr. Galanyň diwarlarynyň durky häzirki wagta çenli saklanyp, ol bu ýere zyýarata gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Dargangala toplumynyň ýanynda Abu Muslimiň, (Abdyrahman) Horasanyň aramgähi hem bar.

* * *

Taryhçylaryň gürrüň bermegine görä, XI – XII asyrlarda Hytaý bilen Orta Aziýany baglanyşdyran gadymy Kerwen — Ýüpek ýoly söwda-satuw işlerini guramakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Amuldan (Türkmenabatdan) Horezme gidýän Kerwen ýolunyň ugrunda Wiza, Madus, Ispas, Saýdana atly duralgalardan soň bäşinji duralga Baýhatyn Kerwensaraýy bolupdyr. Ol Türkmenabat şäherinden 170 km uzaklykda Amyderýanyň aşak akymynyň çep kenarynda ýerleşýär. Baýhatyn kerwensaraýy X – XII asyrlarda Amul — Ürgenç aralygynda söwdagärleriň araçäk duralgasy hasaplanypdyr. Derýanyň çep kenaryndaky belentligiň üstünde bina edilen bu kerwensaraý iki gat howludan ybarat bolup, onuň daşarky howlusy dörtburçlyk görnüşindedir. Kerwensaraýyň umumy tutýan meýdany 14000 inedördül metre deňdir. Daşarky goraýyş diwary 35x35x10 sm möçberindäki çig kerpiçden örülipdir. Baýhatyn kerwensaraýynyň gurluş aýratynlygy, ol gündogar äheňinde gurlandyr. Kerwensaraýyň esasy girelgeleriniň we dälizlere geçelgeleriniň, şeýle hem diwarlarynyň aglaba ýerleri türkmen milli haly nagyşlaryna kybapdaş nagyşlar bilen bezelendir. Kerwensaraýda harytlary saklamak, dynç almak, parzy-ybadatlary berjaý etmek üçin otaglar hem bar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat» žurnaly.

  • 28
  • 05.06.2019