MAKALA

Seniň ýaşyňda

Süleýman Kanuny jenaýat kanunçylygyny hem düzgünleşdiripdir, has takygy, ony ynsanperwerleşdiripdir. Her bir jenaýat üçin bellenen jerimeler ulgamy öňki ten jezalaryny çalyşmaga gönükdirilipdir. Ölüm jezasy azaldylypdyr. Ýalan görkezme bermek, resminamalaryň galplaşdyrylmagy, galp pullary ýasamak ýaly etmişler üçin sag eliň bognundan çapmak jezasy welin, saklanyp galypdyr.

Täze kanunçylyk söwdany we önümçiligi höweslendirmek babatda hem birnäçe özgerdişleri girizipdir. Salgyt ulgamy kämilleşdirilipdir. Karz bermegiň iň ýokary göterimi 11 göterim diýlip kesgitlenipdir. Döwlete hyýanat eden ýokary wezipeli adamlaryň emlägi we toplan baýlygy döwletiň haýryna geçirilipdir. Harby ýörişleriň netijesinde alnan olja, tabyn hristian döwletleriniň töleýän salgytlary döwlet hazynasyny baýlaşdyrypdyr.

Süleýman döwlet häkimiýetini has-da berkidipdir. Häkimiýetiň dürli şahalarynyň ygtyýarlyklary anyk kesgitlenilipdir. Soltan döwletiň baş ymamynyň, ýagny şyhulyslamyň ygtyýarlyklaryny we ýeňilliklerini giňeldipdir. Onuň hukuklary weziriňki bilen deňleşdirilipdir. Bu bolsa döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji şahalarynyň arasyndaky deňagramlylyga getiripdir. Dini ulamalar salgytdan boşadylypdyr, olaryň emlägi döwlet haýryna geçirilmändir.

Süleýman Kanunynyň özgerdişleri bilim ulgamyny hem öz içine alypdyr. Mekdepler medreseleriň ýanynda bolup, olar dini guramalaryň gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilipdir. Mekdebi gutaran çagalar okuwyny medreselerde dowam etdiripdirler. Soltanyň hemaýaty bilen birnäçe mekdepler we medreseler açylypdyr. Iňlis awtory L.Kinrossyň sözlerine görä, Süleýman Kanuny Gündogar dünýäsiniň mukaddes beýikligini Günbataryň korollyk zynaty bilen ajaýyp utgaşdyryp, Stambuly binagärlik babatda XVI asyryň gülläp ösýän siwilizasiýasynyň iň bir ajaýyp şäherine öwürmäge synanyşypdyr. Onuň öz ady bilen baglanyşykly Stambuldaky Süleýmaniýe metjidi Süleýman I-niň Mimar Sinana gurdurdan ajaýyp binasydyr. Kakasy Selimiň, ogullary Mämmediň we Jahangiriň hormatyna metjitler gurdurypdyr. Edirnegapy we Üsküdar metjitlerini gyzy Mährimahyň hormatyna saldyrypdyr. Süleýmanyň aýaly Hürrem soltanyň (Roksolananyň) hormatyna gurduran Haseki Soltan metjidi, medresesi we hassahanasy Stambula aýratyn görk beripdir.

Süleýman Kanuny döwlet işlerinden daşgary şygryýet bilen hem meşgullanypdyr. Süleýman Kanunynyň döwlet dolandyrylyşynda haýsy ýörelgelerden ugur alandygyna onuň aşaky setirlerem güwä geçýär:

Dolandyrjak bolsaň sen,

                                     goşun gerek döwlete,

Goşuny saklamaga bolsa baýlygyň hökman.

Döwletiň baý bolmaga raýatyň baý bolmaly,

Halky baýat adalat ýolundan hiç wagt çykman.

Ýetmese eger biri, ýykylar olaryň bary.

Her bir işinde adalaty ýokarda goýan Süleýman Kanunynyň döwlet dolandyryş tejribesi türkmen hökümdarlarynyň baryp orta asyrlarda bu günki siwilizlenen dünýäniň gurmak isleýän hukuk döwletini döretmäge synanyşandygyny, munuň bolsa olara başardandygyna güwä geçýär.

(Dowamy bar)

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 83
  • 07.06.2019