MAKALA

Futzal

Futzal sportuň ýaş görnüşleriniň biridir. Ol sportuň görnüşi hökmünde geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň başynda Montewideo şäherinde (Urugwaý) kemala geldi. Sözüň doly manysynda, ol adaty futboldan döredi. Kiçi meýdançada top oýnamak ilkibaşda futbolçularda türgenleşik hökmünde ulanylypdyr, ýöne soňra sportuň özbaşdak görnüşi hökmünde ýaýrady.

Zaldaky halkara futbol federasiýasy (FIFUSA) 1971-nji ýylda esaslandyryldy. 3 ýyldan bir gezek guralýan dünýä çempionatlarynyň geçirilip başlanmagy bilen bu sport guramasynyň we FIFA-nyň arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy. Munuň özi ýaryşlaryň adynda «futbol» sözüniň ulanylmagy bilen baglanyşykly boldy. Şunuň bilen baglylykda, FIFUSA-nyň 1985-nji ýylda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirilen kongresinde «zallardaky futbolyň» ady «futzal» diýlip üýtgedildi.

Hünärmenleriň köpüsiniň pikirine görä, nusgawy futboldan tapawutlylykda, sportuň bu görnüşi örän okgunly we gyzyklydyr. Futzalda oýnuň depgini hiç wagt bökdelmeýär, hüjümler yzly-yzyna amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, «jübi futboly» (futzaly şeýle hem atlandyrýarlar) ýaşlaryň arasynda örän meşhurdyr. Sportuň bu görnüşi Türkmenistanda hem meşhurlyga eýe bolýar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

 

  • 56
  • 08.06.2019