MAKALA

Sanly ulgam — ösüşiň strategik gory

Her bir ýurduň ösüşi üçin tebigy, energiýa, maliýe, zähmet we başga-da dürli gorlar zerurdyr. Dürli tebigy baýlyklary, şol sanda nebitiň we gazyň ummasyz gory, beden we akyl taýdan ösüşine aýratyn üns berilýän, demografik taýdan geljekli adam maýasy bolan Türkmenistanyň şu nukdaýnazardan birnäçe artykmaçlygy bar. Bu gün, ýurduň ösüşiniň rowaçlygyny we durnuklylygyny, häzirki zamanda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny kesgitleýän milli gorlaryň biriniň maglumat çeşmesi bolup durýan döwründe, Türkmenistan maglumat we sanly ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrýar.

XXI asyrda aýratyn ulgamlaşdyrylan maglumat gün-günden ösýän häsiýete eýe bolýar. Islendik derejede çözgüt kabul edilende möhüm bolup durýan, döwrebap maglumatyň alynmagy öz artykmaçlyklaryny berýär. Gerekli maglumata eýe bolmak we ony netijeli ulanmak wagty, serişdäni, zähmeti, energiýa, maliýe we beýleki gorlary tygşytlamaga mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, gerekli maglumat gorunyň bolmagy beýleki gorlaryň görnüşlerini tygşytlamaga getirýär. Adamzadyň barlygynda toplanan peýdaly ylmy-enjamlaýyn maglumatyň mukdary ýylsaýyn artýar. Gün-günden ulalýan maglumatlaryň göwrümini saklamak we ulanmak üçin adamyň fiziki mümkinçiligi hem, maglumatlaryň ozalky kagyz göterijileri hem ýeterlik däldir.

Olaryň ornuna bütindünýä sanly ulgama geçiş ýörgünine laýyklykda, gözüň alnynda bütin dünýäni özgerdýän elektron göterijiler geldi. Häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlary sanly ulgama geçiş döwründedir. Onuň barşynda hökümet, täjirçilik we bank düzümleriniň, durmuş we medeni edaralaryň işleri elektron görnüşe geçýär. Maglumat tehnikasyny we tehnologiýasyny, aragatnaşyk serişdelerini dörediji, maglumat önümini, hyzmatlary öndüriji diýlip düşünilýän sanly informatizasiýalaşma milli ykdysadyýetiň durnuklylygy we bäsdeşlige ukyplylygy, dünýä ykdysadyýetiniň gi­ňişligine üstünlikli goşulyşmagy, döwlet dolandyryşynyň netijeliligi, durmuş ulgamyny, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti we beýlekileri ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, umumy informatizasiýalaşma jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda düýpli özgerişlere getirýär.

Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde sanly ulgama geçmegiň artykmaçlygyny sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän hökümet mejlisleri we maslahatlary aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamalary şol wagtyň özünde wise-premýerlere we welaýat häkimlerine baryp ýetýär. Bu bolsa wagt ýitirmän, olary ýerine ýetirmäge girişmäge mümkinçilik berýär. Döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlarynda onuň düzümlerini birleşdirýän şunuň ýaly elektron resminama dolanyşyk ulgamy, ýerlerde hökümet edaralarynyň we ýolbaşçy düzümleriň özara gatnaşygyny tizleşdirip, pudagara gatnaşyklaryň netijeliligini, kabul edilýän çözgütleriň tizligini we olaryň ýerine ýetirilişini ýokarlandyrmaga ýardam edip, eýýäm hemme ýerde ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň elektron hökümet konsepsiýasyny işläp düzmek bilen baglanyşykly şu ýylyň başynda beren tabşyrygy döwlet dolandyryşyny sanly ulgama geçirmek işine has-da ulgamlaýyn we toplumlaýyn häsiýeti berer. Mälim bolşy ýaly, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň sanly ykdysadyýet, sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň we durmuş ulgamyna täsiri barada bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýörite okuwlar guraldy.

Ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy önümçilik hadysasynyň ilerlemegine we awtomatlaşdyrylmagyna, çig malyň we zähmetiň tygşytlanmagyna, diýmek, önümiň gymmatynyň azalmagyna alyp barýar. Ol önümçiligi we dolandyryşy düýpden täze tehnologiýaly innowasion ylmy kärhanalaryň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda milli ykdysadyýeti 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň geljegine garalanda aýdylýar. Milli Liderimiziň öňe süren baş ýörelgesini şu ýyldan hereket edip başlan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» iş ýüzüne geçirer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek ýedi ýyl üçin birnäçe pudak maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda anyk etmeli işler kesgitlendi.

Mysal üçin, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurduň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, döwlet Baştutanymyz meýilnamalaşdyrylýan işlerde sanly tehnologiýany, şeýle hem 3D modelirleme usullaryny ulanmagyň, täze ýataklary tiz özleşdirmegiň, «Galkynyş» gaz ýatagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek strategiýasy senagatyň IT-tehnologiýalaryň esasynda önümçiligi ösdürmek ýoly arkaly bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga geçirilmegini göz öňünde tutýar diýlip bellendi. Munda esasy orun pudagy sanlaşdyrmagyň kömegi bilen dolandyryşy kämilleşdirmäge degişlidir. 2019 — 2025-nji ýyllarda medeniýet ugruny ösdürmegiň maksatnamasy işlenip düzülende, ilatyň artýan islegine laýyklykda işiniň hemişe kämilleşdirilmegine mätäç kitaphanalary, muzeýleri, beýleki medeni, aň-bilim edaralaryny sanlaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi göz öňünde tutuldy. Hökümet mejlisinde şeýle hem iş usulyny kämilleşdirmek maksady bilen sanly görnüşde işlenilip düzülen, Türkmenistanda hereket edýän söwda nokatlarynyň ýeke-täk hasaba alnyşy hödürlendi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli bölek söwda işini we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrýan söwda desgalarynyň döwlet sanawynda hasaba alynmagy teklip edildi. Ýeke-täk sanawyň girizilmegi we elektron görnüşde maglumat ulgamynyň döredilmegi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň giň­den ornaşdyrylmagynyň hasabyna söwda ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ahyrky netijede bolsa, ilatyň harytlara we hyzmatlara bolan islegini doly kanagatlandyrmaga ýardam eder. Mundan başga-da, söwda toplumynyň doly maglumat gaznasynyň döredilmegi bu pudagy ösdürmegiň maksatnamalary işlenip düzülende we okgunly ösýän, durnukly önümçilik-täjirçilik ulgamyna senagat işiniň gönüden-göni birleşdirilmeginde peýdalanylar.

 Bilim kämilleşdirilmese, onuň ösüşi has öň­de bolmasa we ylymda uly üstünlikler gazanylmasa, sanly ykdysadyýeti döretmek mümkin däl. Ýurtda amala aşyrylýan Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy maglumat ulgamyny döretmäge we okuwyň hemme tapgyrynda elektron çeşmelerini ulanmak bilen bilimiň yzygiderliligini üpjün etmäge, jemgyýeti intellektual taýdan baýlaşdyrmaga, okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giň­den ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklar ýola goýuldy, belli bir aralykdan nazary sapak bermek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli guralýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň telelukmançylygy ösdürmäge, belli bir aralykdan ugrukdyrmalary we bilimleri bermek üçin elektron hyzmatlary etmäge mümkinçiligi bar.

Ýurtda elektron banking düzümi, nagt däl tölegleri amala aşyrmak we onlaýn-hyzmatlar arkaly karzlaşdyrmak ulgamlary üstünlikli ösdürilýär, internet-bank hem-de mobil-bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Olaryň üsti bilen ýurdumyzyň çäginde, şeýle hem onuň çäklerinden alyslarda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak, haryt-pul gatnaşyklaryny ýe­ňilleşdirmek we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bolýar. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, metbugatyň işini sanly ulgama geçirmekde çäreler ýola goýuldy. Sanly hyzmatlar söwda, ulag, jemagat ulgamlarynda hem giň­den ornaşdyrylýar.

Metbugatda habar berlişi ýaly, ýakyn üç ýylyň dowamynda sanlaşdyrylmagy tehniki taýdan üpjün etmek hem-de degişli düzümleri döretmek üçin iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Olar öň­debaryjy tehnologiýalaryň esasynda köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, Watanymyzyň alys künjeklerinde internete giň zolakly mümkinçiligi üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Sarp edijilere ýokary derejede telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek, maglumatlary getirmegiň tizligini artdyrmak üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda optiki-süýümli kabelleri çekmek göz öňünde tutuldy. Bu taslama pudagara maglumatlaryň alşylmagynyň hilini we tizligini gowulandyrmaga, elektron hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz sanly ykdysadyýetiň binýatlyk esaslaryny — internet üpjünçilik ulgamyny berkitmegiň, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin maglumat ulgamlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyna ýolbaşçylaryň ünsüni çekýär. Gelejekde maglumatlar bazarynyň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülip, onuň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösüşine, umuman, makroykdysady işlerine öz täsirini ýetirer.

Toplumlaýyn maglumatlaşdyrmak we sanlaşdyrmak işinde Türkmenistanyň has-da öňe gitmegi, okgunlylyk bilen özgerýän dünýäde ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatdaky milli strategik maksada ýetmäge ýardam berer.

Ogulgözel Rejepowa,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň esasy ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň doktory.

  • 66
  • 10.06.2019