MAKALA

Patyşa synagy

Köplenç özüni we ýurduny gorap biljek mert ýigitleri synagdan geçirýän Li Şymin atly patyşa bolupdyr. Ol wepadarlygy barlamakda her sapar dürli tärlerden peýdalanar eken. Şonuň üçinem bu dana patyşa synaýandyr diýip, çak edibem bolanok eken. Sebäbi synagdan geçýäniňem aňyp bolanok. Ine, bir günem patyşa söweşlerde batyrlyk görkezen Ýüçy Diňde atly esgeri öz goragynda goýýar. Nirede we nähili ýagdaýda bolsa-da, bu esger özüniň wepalylygyny, gaýduwsyzlygyny görkezipdir. Bir günem patyşa: «Seniň gaýduwsyzlygyňa gözüm ýetdi. Şundan şeýläk men seni meni goramak wezipesinden boşadýaryn. Häzir bolsa eden hyzmatlaryň üçin sylagyňy kabul et» diýipdir. Patyşanyň buýrugy bilen gözüňi gamaşdyrýan giden altyndyr tyllalar ol esgere gowşurylypdyr. Esger öz gezeginde sesini çykarman patyşadan edilen serpaýlary kabul edipdir. Bu wakadan soň patyşa ýeke özi bagda gezmeläpdir. Duýdansyzlykda bagdan çykan bir adam göni patyşa topulypdyr. Şol wagtyň özünde niredendir bir ýerden Ýüçy Diňde atly hälki esger peýda bolupdyr we patyşany ölümden halas edipdir. Bu ýagdaýy synlan patyşa onuň wepalylygyna aňryýany bilen göz ýetiripdir we ony öňküsi ýaly öz goragynda goýupdyr. Ol esger Watanyny, öz patyşasyny goramagy özüniň hiç bir baýlyga çalyşmajak mukaddes borjudygyny aýdypdyr.

Mähriban Gelenowa.

  • 28
  • 10.06.2019