MAKALA

Şöhratly geçmişiň ýaňy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň irginsiz zähmetiniň we döredijilikli zehininiň miwesi bolan «Döwlet guşy» romany türkmen halkynyň gadymy hem şöhratly taryhy hakyndaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Onda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň türkmen halkynyň taryhyna degişli toplan maglumatlary barada täsirli hem gyzykly gürrüňleri beýan edilýär. Bu ajaýyp romanda: «Pederlerimiziň geçmişde gylyç oýnadyp, jyza parladyp, duşman bilen gaýduwsyz söweş gurmagy başarandygyny biz taryhdan gowy bilýäris. Şolar bilen bir hatarda goşunbaşy hökmünde harby ussatlyk görkezip, türkmen halkynyň taryhynda at galdyryp, oňa şanly sahypalar ýazan, bütin dünýä diýen ýaly owazasy dolan Oguz han, Frat, Süren serdar, Ärsak şa, Bumyn han, Atilla, Mahmyt Gaznaly, Alp Arslan, Çagry beg, Togrul beg, Jelaleddin Meňburun, Ärtogrul Gazy, Aba serdar, Soltanýaz beg, Gowşut han ýaly serkerdelerimiziň hem bolandygy buýsançly ýagdaýdyr» diýlip nygtalýar. Eserde ýaşajyk Mälikgulynyň Watan goragyna ugradylýan obadaşlarynyň, türkmen ýigitleriniň öňünde özüniň hem-de kakasy Berdimuhamet aganyň olary harby-gahrymançylyga ruhlandyrýan, goşgularyny okap bermegi has-da täsirlidir. Şol goşgularyň arasynda Berdimuhamet aganyň ýazan «Türkmen sen» atly goşgusynda türkmenleriň gaýduwsyz ata-babalary bolan oguzlar, hunlar hakynda söz açylyp, olaryň harby-gahrymançylygy, watansöýüjiligi buýsanç bilen wasp edilýär:

Döwran sürdüň oguz bolup, hun bolup,

Döwlet gurduň, beýik Bilge han bolup,

Ýaşadyň jahana şirin jan bolup,

Soltan-şaly, hanly-begli türkmen sen.

Bu ajaýyp hem joşgunly setirler her bir türkmen okyjysynda şöhratly taryhymyza bolan egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň romanynda nygtalyşy ýaly, Ýewropa çeşmelerinde hunlar käbir türki dilli çeşmelerde gunlar diýlip atlandyrylýan gadymy gunlar, olaryň gahrymançylykly taryhy hem-de şöhratly serdary Atilla baradaky taryhy, edebi-çeper maglumatlar Gündogar we Günbatar halklarynyň halk döredijilik eserlerinde, taryhçylaryň, senennamaçylaryň işlerinde, ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde özboluşly beýanyny tapypdyr. Gadymy gunlar geçmişde häzirki Orta Aziýanyň, Mongoliýanyň we Wolga (Itil) derýalarynyň aralygyndaky çäklerde, giň sähralyklarda erkana ýaşapdyrlar. Gunlar asmandaky Gün Taňra uýupdyrlar. Taryhçylaryň çaklamalaryna görä, gun adynyň etimologiýasynyň hem Gün bilen bagly bolmagy mümkin. Şeýle hem alymlar Gunlaryň serdary Atillanyň adynyň türki we türkmen dilindäki «ata» sözi hem-de gadymy Itil derýasynyň ady bilen baglanyşdyrylyp, «Itilli», «Ata illi» diýen manyny aňladyp, ýewropa dillerinde «Atilla» görnüşinde assimilleşendigi baradaky çaklamalary öňe sürýärler.

Gadymy gunlar hem-de olaryň şöhratly serdary Atilla, esasan Ýewropadaky harby-gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, mertligi, söweş sungata ussatlygy bilen unudylmajak meşgurlyga we şöhrata eýe bolupdyr. Atilla 434-453-nji ýyllar aralygynda Reýinden başlap, Gara deňziniň demirgazygyndaky taýpalary, halkalary Gunlaryň nesilşalygyna, ýagny imperiýasyna birleşdiripdir. Got taryhçysy Iordan Atilla dünýäde ötenden bir asyr geçenden soň ol barada: «Skifiýadaky ähli taýpalaryň arasynda we dünýäde ähli gunlaryň ýeke-täk serdary we serkerdesi geň galdyryjy şöhrat gazanypdyr» – diýip ýazypdyr. Gunlaryň serdary baradaky ýatlamalar bütin Ýewropa halklarynyň halk döredijiliginde hem möhüm orun alypdyr. «Nibelunglar hakynda aýdym» atly gadymy german eposynda Atillanyň ady Etel görnüşinde getirilipdir. Ençeme asyrlaryň dowamynda german eposlarynyň üsti bilen skandinawiýaly saglaryň halk döredijilik eserlerinde Atillanyň ady bilen baglanyşykly eserler döredilipdir. Aleksandr Makedonskiden soňra Atilla gaýduwsyz serkerdeleriň sanawynda birinji orny eýeläpdir.

Atillanyň doglan ýyly we ýeri barada maglumatlar biziň günlerimize gelip ýetmändir. Atillanyň döwürdeşi Prisk Paniskiniň 448-nji ýylda ýazyp giden ýazgylaryna görä, Atilla şol döwürde saçlaryna ýaňy çal düşüp ugran serkerde hökmünde suratlandyrylýar. Atillanyň 448-nji ýylda akasirleriň hökümdarlygyna bellän uly ogluna Atillanyň harby serkerdesi Onegesiýa atabeglik terbiýesini beripdir. Bu maglumatlar Atilla V asyryň birinji on ýyllygynda doglandyr diýmäge esas berýär.

Atillanyň kakasy Munzak gunlaryň şa neslinden bolup, onuň doganlary Oktar we Rua gunlaryň serdarlary bolupdyr. Munzuk barada onuň geljekki serdarlar Atillanyň we Bledanyň atasy bolandygy baradaky maglumatlardan başga takyk ýazgylar saklanyp galmandyr. Sokrat «Taryh» atly kitabynda Munzugyň dogany Oktaryň Gunlaryň serdary bolandygyny we 420-nji ýyllarda Reýnde Burguntlara garşy söweşendigini ýazypdyr. Gadymy ýazuw çeşmelerinde Munzugyň dogany Ruanyň Wizantiýadan ýylda uly möçberde altyny paç alandygy aýdylýar.  Ruanyň jeňde wepat bolandygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. 434-nji ýylda onuň inileri Bleda we Atilla Gunlaryň serdarlary bolupdyr. Bleda doganlaryň ulusy bolup «452-nji ýyldaky Gal seneýazgysynda» Runyň ýeke-täk mirasdüşeri hökmünde Bledanyň ady agzalýar. Emma Bleda özüniň ukyp-başarnygy bilen hiç-hili tapawutlanmandyr. Taryhçy Prisk Paniski öz işlerinde Atillany ähli wakalaryň merkezinde hereket edýän serdar hökmünde suratlandyrýar. Ähli döwletler onuň bilen ylalaşyk baglaşmaga mejbur bolupdyrlar.

Atillanyň we onuň dogany Bledanyň ady bilen baglanyşykly ýazuw ýadygäliklerinde olaryň uly döwleti bilelikde dolandyrandyklary barada ýatlanylýar. Taryhçy D.B.Býuriý Bledanyň gündogardaky gunlara hökümdarlyk edendigi, Atillanyň bolsa günbatarda öz hökümdarlyk edýän ýeriniň çäklerini giňeltmek üçin söweşleri alyp barandygy baradaky çaklamalary beýan edipdir. Haçan-da gunlar 442-nji ýylda Illirikde, ýagny häzirki Serbiýanyň çäklerinde Wizantiýa imperiýasynyň agalygyna garşy söweşip, derbi-dagyn edenlerinden soň, bu ýerleriň hökümdarlary Bleda bilen Atilla bolupdyr. Gun serdarlary Atilla bilen Bleda 441-447-nji ýyllarda gündogar Rim imperiýasyna garşy söweşipdirler.

Dowamy bar.

Myrat Tuwakow,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

  • 76
  • 10.06.2019