MAKALA

Dogruçyllyk

Taňçaw döwründe Sian şäherini Guo Ýuanjyn atly patyşa dolandyrypdyr. Ol sowatly adamlaryň biri hasaplanypdyr we adyllygy bilen diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem goňşy bolup ýaşaýan patyşalyklarda-da tanalypdyr.

Günleriň birinde goňşy döwletiň patyşasy Si Tudýe döwletara gepleşiklerini geçirmek üçin Guo Ýuanjyn patyşany öz ýurduna çagyrypdyr. Emma oň gelmeli wagty golaýlanda, Si Tudýe patyşa keselläpdir. Ol gartaşan adam ekeni. Guo Ýuanjynyň gelen agşamy, iki patyşa gepleşikleri geçirenlerinden soňra, şol gije Si Tudýe patyşa aradan çykypdyr. Si Tudýe patyşanyň bir ogly bolup, ol kakasyny gepleşikleri geçirende Guo Ýuanjyn patyşa öldürendir diýip güman edipdir we onuň aryny aljakdygyna öz ýanyndan kasam edipdir.

Guo Ýuanjyn patyşa şol gijäniň özünde köşgi terk etmegi maslahat beripdirler. Ýöne ol bu teklibi makul bilmän, köşkde galyberipdir.

Ikilenji gün diýlende ir bilen Guo Ýuanjyn patyşa ýas geýimini geýip, patyşanyň ugradylmazyndan ozal baryp, özüniň çuňňur gynanjyny bildiripdir hem-de ähli ýas däbine gatnaşypdyr we on gün diýlende rugsat sorapdyr. Patyşanyň ogly bu ýagdaýy görüp, haýranlar galypdyr. Ol: «Eger-de meniň atamy öldüren bolsa, bireýýäm bärden garasyny saýlardy. Ýöne ol beýtmedi. Belkem, meniň ony öldürjegimi aňandyram. Emma ol muňa-da garamady. Diýmek, ol bu ýagdaýyň sebäpkäri däldä» diýip, öz ýanyndan pikir edipdir we öz ýalňyşyna düşünip ökünipdir. Atasynyň ýoluny dowam etdirip, iki döwlet arasyndaky gatnaşyklary has hem ýygjamlaşdyrypdyr. Ol işlerde öz güýjüni gaýgyrmandyr.

Eger-de ynsan ak ýüreginden ýagşy niýetini görkezip bilse, ir bolsun, giç bolsun, beýleki adamlar oňa düşünerler.

 

Hytaý dilinden terjime edilen.

  • 64
  • 11.06.2019