MAKALA

Türkmenistan — bol hasylyň Watany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde köp işleri durmuşa geçirýär. Daşary ýurtlardan dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnikalaryň satyn alynmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.  Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Şweýsariýanyň «John Deere International GmbH» kompaniýasy hem-de Germaniýanyň «Umaх Trade GmbH» kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň, läbik sorujylaryň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň we sarp ediş serişdeleriniň uly tapgyryny satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Oňa laýyklykda, oba hojalyk tehnikalary 2017-2020-nji ýyllarda üç tapgyrda Türkmenistana getiriler. 

 Diýarymyzyň ähli künjeklerinde un zawodlarynyň gurulmagy, halkymyzyň yzygiderli un önümleri bilen üpjün edilmegi, biziň ýurdumyzda elmydama bolçulygyň bardygyny ýene bir gezek subut edýär. Şeýle döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde bereketli türkmen topragymyzdan ak bugdaýyň bol hasyly alynýar. Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmat üçin tohum, mineral dökün, ösümlikleriň gorag serişdelerini almagy babatda ýeňillikli şertler döredilýär. Daýhanlarymyz şeýle mümkinçiliklere jogap edip, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyza rysgal-bereket getirmegi maksat edinýärler. Bu yhlasly zähmetiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň türkmen daýhanlaryna döredip berýän mümkinçilikleriniň bardygy duýulýar.

Döwlet Baştutanymyz ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalygy boýunça ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ýerleriniň ilatynyň maddy-hal ýagdaýy, abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Ýaşaýyş derejesi boýunça oba ýerleri şäher derejesine barha ýakynlaşýar. Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm edarasy bolan Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi milli Liderimiziň agrar syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bugdaý – adamzat döräli bäri ynsanyň göz-guwanjy, güýç-kuwwat alýan esasy çeşmesidir. «Uly iliň soltany» hasaplanylýan ak bugdaýymyz türkmen halkymyzyň rysgal çeşmesi hökmünde seredilip, aýratyn sarpa goýulýar. Islendik ýurduň bereketli topragyndan bol hasyl alynýan bolsa, onda şol döwletde bolçulygyň bardygyny aňladýar. Türkmen halky ak bugdaýy gadymy döwürlerden bäri ekip ýetişdiripdir. Muny biziň taryhymyz hem subut edýär. Ýurdumyzda ýerleşýän ýadygärliklerde tapylan bugdaý dänejiklerini hem aýdyp bolar. Olardan mysal getirsek, Jeýtunyň iki metre ýetýän medeni gatlagyndan tapylan köpläp toýun gap-gaçlarda arpa we bugdaý däneleriniň anyk yzlarynyň saklanyp galmagy, däne döwmek üçin daş döwekleriň tapylmagy hem Jeýtunda eýýäm ekrançylygyň doly kemala gelendigini, arpanyň we ak bugdaýyň medenileşdirilendigine hem-de ösdürilip ýetişdirilendigine aýdyň güwa geçýär.

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, ýurdumyzda ak bugdaýy ösdürmekde, ýetişdirmekde köp tagallalary edip berýär. Ýakynda ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýynda geçirilen mejlisde hormatly Prezidentimiz bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklere arzuw etdi. Diýarymyzda şeýle halk bähbitli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

Harmanyňyza bereket, edermen gallaçylar!

«Serhet abat — Döwlet abat».       

  • 49
  • 11.06.2019