MAKALA

Pençak-silat

Psihologlar, eger-de, tötänlikden garşydaşa duş geläýseňiz ruhdan düşmezligi maslahat berýärler. Gorkyny ýeňmegiň ygtybarly usuly ynamdyr. Siz ýeňjegiňize ynanyň we bir gezek uludan dem alyňda: «Men hökman ýeňerin», «Men başararyn» sözlerini belent ruhda gaýtalaň. Bu sizi ýeňşe ruhlandyrar. Garşydaşyňyz bilen tutluşyk mahalynda kän jedele girmäň, jedel siziň aňyňyzda aýlan pikirleriňizi dargadar we ünsüňizi böler. Üns siziň şol pikirleriňizi galyba salyp, hereket etmegiňize ýardam eder. Ynam ýeňmekligiň ygtybarly usuly bolsa, üns şol ýeňşe sizi iterýän güýçdür. Biz bu ýerde size güýji ulanmazdan ýeňmegiň däl-de, güýji has ýeňillik bilen ulanyp, garşydaşa çalt we tiz zarba urmagyň usullary hakynda gürrüň bermek isleýäris.

Esasy usullaryň biri-de endiklerdir. Hususan-da kämil bolmak üçin ilkinji nobatda erkiňi özüňe boýun egdirmek zerurdyr. Çünki sen ilki öz-özüňi ýeňmeli, erk terezisinde özüňe agram bermeli. Wagtly-wagtynda gündelik maşklary ýerine ýetirmek, naharlanmak, arassa howadan dem almak, saýlap alan sportuň görnüşi bilen meşgullanmak ýaly işleri adaty endigiňe öwürmeli. Şeýle-de ýuwaş-ýuwaşdan gündelik fiziki we ruhy maşklar bilen bedeniňi berkitmeli hem-de ruhuňy kämilleşdirmeli. Bu meseleler babatda söweş sungatynyň her bir görnüşi hem ýakyndan ýardam edip biler. Sungat derejesinde görülýän söweşiň görnüşleri köpdür. Hususan-da söweş sungatynyň pençak-silat, kýokuşinkaý karate, karate, kikboksing, uşa-sanda, sawat, jiu-jitsu, win çun ýa-da wing tsun, muaý taý ýa-da taý boksy, kali, hapkido, boks, kadzýukenbo, kalýari-ppaýatt ýaly dünýäde giňden ýaýran görnüşleri bar. Olaryň köpüsiniň ilkinji nobatda beýnidäki akyl işjeňligi, beýni bilen görmek, duýmak arkaly amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Şu makalada size söweş sungatynyň hut beýni işjeňligi arkaly söweşe girilýän usullaryna köp agram berilýän görnüşi bolan pençak-silat hakynda gürrüň bermegi makul bilýäris.

Pençak-silat Indoneziýanyň milli başa-baş söweş sungatydyr. Ol şeýle-de Malaýziýada hem umumy söweş sungatyna girýär. Pençak-silat bilen meşgullanmak üçin ýörite «hususy usullar» ulanylýar. Sözüň manysy barada aýdylanda bolsa, «pençak» sözüniň «özüňi howpdan goramak üçin beden hereketiňi özgertmek» manysyny berýändigini ýatladýarys. Silat pençagyň söweşde ulanylyşydyr. Söweş sungatynyň bu görnüşi esasan-da dört sebitiň täsiri esasynda ýaýrady. Ol sebitler hökmünde Günorta-gündogar Aziýany, Hindistany, Hytaýy we Ýaponiýany bellemek bolar.

Pençagyň döreýiş taryhy barada aýdanda, ol XIX-XX asyrlarda ussat pendekar, 1944-nji ýylda aradan çykan Soerodiwirjo tarapyndan dürli söweş usullaryny jem görnüşde bir ugra gönükdirmek arkaly döredilipdir. 1903-nji ýylda pençak-silatyň ilkinji usuly, ýagny «setýa-hati-terate» peýda bolýar. Setýa-hati-terate usuly bu garşydaşyň ýüregine howsala salmaga niýetlenendir. Ýaponiýanyň we Hytaýyň täsiri esasynda pençak-silatyň has kämil usullary hem peýda bolupdyr.

Ussat halypa Dirjoatmojo boş el bilen söweş etmegiň üç sany esasy usulyna üns beripdir. Olar towlanma kepjebaş usuly, bogma gömülgen usuly we ýolbars usuly. Towlanma kepjebaş usulynda pendekar edil kepjebaşyň towlanyşy ýaly garşydaşynyň daşynda towlanyp aýlaw edýär. Birdenem ol garşydaşy duýmanka el we aýagy bilen iki-üç gezek zarba berýär. Bogma gömülgen usuly arkaly garşydaşy aýaklaryň arkaly bogýarsyň we towlanýarsyň, garşydaşyň üstünden basýarsyň. Ýolbars usulyny bolsa diňe typançak ýa-da yzgar ýerlerde ulanmak amatly hasaplanýar. Çünki bu usul iki eliň we iki dyzyň üstünde durmak arkaly amala aşyrylýar.

Pençak-silat bilen meşgullanýanlara adatça pendekar diýlipdir. Ýeri gelende aýratyn bellesek, eger siz bu ugurda ussatlyga ýetseňiz,  ussatlygyň derejesi hökmünde pendekar derejesi berilýär. Pendekaryň maksady gysga wagtyň dowamynda garşydaşyňy maksimal derejede ýeňilmäge mejbur etmek. Eger-de siz şu söweş sungatyna ykbalyňyzy baglap, ussat hünärmen-pendekar bolmakçy bolsaňyz, ilkinji nobatda söweşiň syrlaryny magat öwrenip, dört-bäş topardan düzülen onlarça adama şol bir wagtyň özünde zarba bermäge taýýar durmany başarmaly. Söweş sungatynyň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar synag tabşyrýan ekenler. Bu ugurdan pendekarlyga dalaşgär synag dowamynda dürli berk tagtalary döwmek ýaly agyr şertleri-de ýerine ýetirmeli. Bu şert synagçynyň dem alyş ulgamynyň ösüş derejesini görkezýär. Şeýle şertleriň toplumyny ýerine ýetirip, pendekar bolýarlar.

Ýogsa-da «pendekar» özi nämekä? «Pendekar» terjime edilende «kämilleşen aň» manysyny berýär. Bu ýerde hereket däl-de, ilkinji nobatda beýnidäki akyl işjeňligi, beýni bilen görmek, duýmak, onsoň içki bedeniň berk uýgunlaşmagynda hereketi amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu söweş sungaty bilen islendik ýaşda meşgullanmaga mümkinçilik bar. Ýene bir zady ýatdan çykarmaly däl. Eger bu söweş sungaty bilen meşgullanmak islegiňiz bolsa, ony ýönekeýje bedenterbiýe türgenleşiginden başlap bilersiňiz. Unutmaň, eger-de pençak-silatda garşydaşyňyz bilen güýjüňiz deň gelse, onda siz nätanyş bir usuly peýdalanyp bilersiňiz.

Pendekarlyk edýän, ýagny bu söweş sungaty boýunça halypalyk edýän dünýä belli pendekarlar az däl. Olardan Gollandiýadan Jorj Fredriks, Şweýsariýadan Ralf Irminger, Angliýadan Aýdinal Al Raşid, Fransiýadan Erik Şatelýe, Germaniýadan Hiltrud Kordes, Awstriýadan Gýunter Ertl, Belgiýadan Lýudo Piters, Kelli Piters, Russiýadan Waleriý Maýstrowoý dagylaryň atlaryny görkezmek bolar. Olar ussat pendekarlardyr.

Häzirki döwürde Ýewropada, şol sanda Amerikada pençak-silata islegiň barha artýandygyny aýratyn bellemelidiris. Indoneziýa, Malaýziýa, Singapur, Bruneý we dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda pençak-silat federasiýasy döredilip, giň gerimde iş alyp barýar.

Ýeri gelende pençak-silat boýunça geçirilen dünýä çempionatlary hakynda hem ýatlap geçeliň. Çempionatlar her 2 ýa-da 3 ýyldan bir gezek geçirilýär. Şu wagta çenli jemi 14 çempionat geçirildi. Pençak-silat boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1982-nji ýylda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçirildi. Oňa 7 döwletden ussat türgenler gatnaşdy. Soňky – XIV çempionat 2010-njy ýylyň 12-17-nji dekabry aralygynda Jakarta şäherinde geçirildi. Oňa dünýäniň 30-a golaý ýurdundan wekiller gatnaşdy.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

 

  • 57
  • 11.06.2019