MAKALA

Seniň ýaşyňda

Beýbars ökde diplomatdy. Ol duşmanlaryny gowşatmak üçin dürli döwletler bilen syýasy ýaranlygy ussatlyk bilen ulanypdyr. Müsürdäki we Siriýadaky häkimiýetini berkitmek üçin Bagdatdaky Abbasy halyflygyny Müsüre bagly edipdir, mongollara garşy Altyn Orda bilen, haçparazlara garşy bolsa Wizantiýa imperatory bilen ylalaşyklary baglaşypdyr. 1262-nji ýylda Altyn Ordanyň hökümdary Berke hana ilçi ýollap, ony yslam dinini kabul etmäge çagyrypdyr. Rum seljuklarynyň soltanlygy Gürji şalary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýupdyr. 1262-nji ýylda Wizantiýa imperatory Mihail Paleolog VIII bilen Müsüriň söwda gämileriniň Gara deňzine erkin geçmegi hakda şertnama baglaşypdyr. Sisiliýa koroly Manfredom Gogenştaufen bilen dostlukly gatnaşyklary saklapdyr. Soltan mongollaryň Bagdady eýelemeginden soň howpsuz söwda ýollaryny agtarýan italýan we ispan täjirleri bilen söwda ylalaşyklary baglaşmak bilen hut özi meşgullanypdyr. Kairde dünýäniň dürli künjeklerinden täjirleriň bakgalhanalary ýerleşipdir. Arapşynas R.Gylyjowyň belleýşi ýaly, Beýbars haýsy din, ynanç-akyda, mezhep, parhyna seretmezden, gaýry döwletler, uzak ülkeler bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barmakda döwrüniň iň kämil döwlet ýolbaşçysy hasaplanylypdyr. Emma entek soltan tagtyna geçmänkä, edep saklamadyk mongol ilçilerini jezalandyrmagy Kutuza maslahat bermegi Beýbarsyň şahsyýetine belli bir derejede tegmil çekýär.

Beýbars ökde deňizçidi. Onuň Memluk türkmenleriniň döwletiniň 1250 — 1382-nji ýyllar aralygynda dowam eden Bahry şahasynyň soltanydygyny unutmaly däldiris. Arapşynas R.Gylyjow hut bahry memluklarynyň arassa oguz ýigitlerinden düzülip, şol döwürde Müsür tagtynda arassa türkmenleriň oturandygyny ýönelige nygtamaýar. Nil derýasyndaky ar-Rawza adasyndaky esger ýatakhanalarynda ýaşandygy sebäpli, bu şahanyň wekillerine «al-Memalik al-Bahriýe», ýagny deňizçi memluklar hem diýlipdir. Müsüriň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän Gyzyl deňziniň çatrygyndaky geostrategiki ähmiýetine gowy düşünen Beýbars deňiz güýçlerini täzeden güýçlendirmäge üns beripdir. Ol wagtynyň köp bölegini gämi ussahanalarynda geçirip, hut özi ussalar bilen bilelikde işläpdir. Möwritnamaçy al-Makriziniň aýtmagyna görä, bir gezek Beýbars Sisiliýadan gelen ilçileri gämi ussahanasynda kabul edipdir. Kabul edişlik mahalynda soltan ussanyň eşiginde eken. Ellerinde agaç ussasynyň gurallary bolan soltan emirleri bilen bilelikde agaç pürsleriniň üstünde oturyp ilçileri diňläpdir. Beýbars, takmynan, 45-47 ýa­şyn­da Ortaýer deňzindäki Kipr adasyna ýöriş guraýar (1270 ý.). Emma deňizde turan harasat zerarly adanyň golaýynda Memluk türkmenleriniň gämileri heläkçilige uçrapdyr. Bu gezekki ýöriş şowsuz tamamlansa-da, türkmenleriň deňiz güýçleri birneme soňrak Ortaýer deňziniň Siriýa kenaryndaky daýanç gämi güzerlerini eýelemegi başarypdyr. Memluk soltany Seýfeddin Barsbaý Beýbarsyň Kipre eden şowsuz ýörişini bir ýarym asyr soňra üstünlikli tamamlamagy başarypdyr.

Beýbars bütin ömründe haçparazlara we mongollara garşy göreşip, 1277-nji ýylyň 1-nji iýulynda, takmynan, 52-54 ýa­şyn­da zäherlenip aradan çykypdyr. Halk arasynda ol «Abul-Futuh», ýagny «Ýeňişleriň atasy» adyna eýe bolupdyr. Siriýanyň Damask şäherinde jaýlanypdyr.

Beýbars uzyn boýly, garaýagyz reňkli, mawy gözli adam bolupdyr. Gözüniň biriniň gapdalynda kiçiräk meňi bolupdyr. Sesi ýogyn eken. Ol çowgan oýnuny has gowy görüpdir. Beýbars 12 müň sany memlugyny 4 müňden üç sany bölege bölüp, Müsürde, Damaskda we Halapda saklapdyr. Döwleti dolandyrmakda gadymy türkmen töreçilik däbine eýeripdir. Soltan Beýbars entek diri mahaly, 1264-nji ýylda ogly Mälik as-Seýit Berkäni soltan diýip yglan edipdir. Soltanlyk däplerine görä, ony ata mündürip, özi atyň jylawyny çekip, öňden ýöräpdir. Şeýle däbiň seljuklarda hem dowam edendigini bellemek gerek. Türkmençilik däbine eýerip, elguş we tazy bilen aw etmegi gowy görüpdir. Atly gezim etmek onuň iň gowy görýän zady eken. Niliň joşmagyndan soň howanyň amatly wagty şenbe günlerinde çowgan oýnamagy halapdyr. Memluklarynyň çydamlylygyny barlamak üçin olary Nil derýasyndan ýüzüp geçmekde ýaryşdyrar eken. 38-40 ýaşynda mahaly (1263 ý.) Adalat köşgüni (Dar al-Adl) gurdurýar. Soltan her hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri has uly meseleleri çözmek üçin bu ýerde oturypdyr. Bu maslahata dört mezhebiň baş kazysy we ýokary wezipeli döwlet işgärleri hem gatnaşar eken. Diýmek, Beýbars memluk soltanlarynyň arasynda ilkinji bolup raýatlaryň arz-şikaýatyny diňlemegi ýola goýan soltandyr.

(Dowamy bar)

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 68
  • 11.06.2019