MAKALA

Rowaçdyr ylmyň kämil ýollary

Häzirki döwürde rowaçlyk bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Elbetde, ýetilýän sepgitleriň, eýe bolunýan üstünlikleriň netijesi jemgyýetimizde alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işleriň ylmy esasda çemeleşilip gazanylmagyndadyr. Çünki biziň Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu ugurda uly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen alymlarymyzyň ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary, ýaş neslimiziň ylym dünýäsine aralaşmaklary we olaryň ylmy garaýyşlarynyň kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Has takygy, ýaşlaryň ylma bolan höweslerini güýçlendirmek we döredijilik ukyplaryny ösdürmek, zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen Ýaş alymlar merkeziniň döredilmegi, bu ugurda bäsleşikleriň geçirilmegi, olaryň ylma bolan gyzyklanmasyny döretmäge, alymlaryň täze neslini kemala getirmäge şertleri döredýär.

Ýurdumyzda ylmyň dürli ugurlaryny giňeltmek bilen bir hatarda harby ylmyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Çünki Watan goragy iň naýbaşy we mukaddes hünärleriň biri bolmak bilen, kämil harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen olara harby sungatyň inçe syrlaryny ylmy esasda öwretmek derwaýys wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, şeýle hem «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen borçlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda we Türkmenistanyň Serhet institutynda hem bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Harby hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň döwlet serhedini goramak bilen bagly alyp barýan ylmy-barlag işleriniň maksady harby tälim bermegiň hem-de terbiýelemegiň usulyýetini, bilim beriş prosesiniň mazmunyny kämilleşdirmekden ybarat bolup, olary ylmy taýdan esaslandyrmakdyr.

Häzirki çalt depginde özgerýän dünýä giňişliginde döwür bilen aýakdaş gidip biljek ösen ýaşlary kemala getirmek ýokary okuw mekdepleriniň baş wezipesi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, harby talyplaryň pikirleniş ukybyny ösdürmek, ýagny deňeşdirmek, seljermek we netije çykaryp bilmek başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmak, olaryň gözýetimini giňeltmek, geljekki gulluk-söweşjeň işlerinde täze tehnikalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilmekleri üçin okuw maksatnamalar we meýilnamalar harby pedagogikanyň we psihologiýanyň gazananlaryna, harby ulgamda gazanylan öňdebaryjy tejribelerine esaslanylyp taýýarlanylýar. Okuw sapaklar okatmagyň işjeň usullarynda geçirilip, innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim prosesine sanly bilim portalynyň ornaşdyrylmagy hem mugallymlaryň netijeli işlemeklerine has-da badalga berdi. Durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri mugallymlaryň pedagogiki işine döwrebap çemeleşmeklerine, ylmy temalaryň üstünde düýpli işlemeklerine, oýlap tapyjylyga talyplaryň ünsüni çekmäge şert döredýär.

Ýeri gelende bellesek, talyplaryň ylym bilen meşgullanmak höwesi ýurdumyzda belli baýramçylyk seneleri mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda has-da aýdyň ýüze çykýar. Serkerde mugallymlaryň ylmy ýolbaşçylygynda harby talyplar wajyp temalar boýunça taýýarlan çykyşlarynda ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler. Işjeň ýagdaýda geçirilýän maslahatlarda harby talyplar bilen ylmy çekeleşmeleriň guralmagy netijesinde, olar harby nazaryýetiň we amalyýetiň meselelerini köpçülik bolup ara alyp maslahatlaşmagy, berlen teklipleriň hiline baha bermegi hem-de olary döredijilikli çözmegi öwrenýärler. Bu bolsa, ýaş alymlary kemala getirmäge, ylmy-pedagogiki işgärleriň bolsa ylmy-barlaglary düýpli alyp barmaklaryna, netijelerini okuw prosesinde ýerlikli peýdalanmaklaryna esas döredýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Alymlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir» diýip, alymlara uly baha berýär, olary uly işlere borçlandyrýar hem-de alyp barýan işlerini has-da netijeli amal etmäge ruhlandyrýar.

Her ýyl Türkmenistan döwletimizde 12-nji iýunda Ylymlar gününiň dabaraly bellenilmegi, bu sene mynasybetli döwlet möçberinde we halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň, bäsleşikleriň geçirilmegi, elbetde alym Arkadagymyzyň ylma bolan sarpasynyň belentligini kepillendirýär.

Halk arasynda «Ylym iňňe bilen guýy gazan ýalydyr» diýilmegi bilen, ylym bilen meşgullanmagyň dowamly hem-de düýpli azap çekilýän zähmet ýoludygy tekrarlanylýar. Çylşyrymly hem bolsa, rowaç bolýar ylmyň kämil ýollary! Çünki ylmy esasda gazanylýan üstünlikleriň özeninde türkmen jemgyýetiniň, umuman bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň aladasy bardyr.

 

Gülbahar Atadurdyýewa.

  • 47
  • 12.06.2019