MAKALA

Gutarylmadyk iş

 

Suratkeş öz çeken suratynyň suduryny taýýarlady. Ol durmuşda hyýalynda göz öňüne getirýän şahyryny gözleýärdi. Dostlary oňa görmegeý, akylly-başly gahrymanlaryň birnäçesini salgy berdiler. Ýöne olaryň hiç birindenem suratkeş gursagynda ot ýanyp duran şahyryň kalbynyň nuruny, päkize dünýäsini öz isleýşiçe tapyp bilmedi.

Günleriň birinde ony çola obalaryň birine duşuşyga çagyrdylar. Märekäniň bir çetinde özbaşyna gümra şahyryň keşbi suratkeşiň ünsüni özüne çekdi. Onuň gözleriniň çeşmäniň suwy ýaly durulygy, kalbynyň guraksylykdan, seriniň ýüzleý pikirlerden halasdygyny aňladyp durdy. Ine, birdenem şahyra söz berildi. Her setiri däne-däne edip, süýjüdip, şygyr okaýan şahyr duýgularyň, ahwallaryň dünýäsine çümüp goşgy okanda, märeke onuň sözlerine maýyl bolupdy. Şu mahal dünýäni ot alsa-da, bu adamlar oňa parh etjege meňzänokdylar. Goşgynyň täsirinden aýňalyp bilmedik ene gyňajynyň ujy bilen gözleriniň ýaşyny syryp otyr. Ýetginjekleriň käbiri bolsa söýgi setirleriniň gahrymanyny özüdir öýdüp göwünlerini aldaýardylar. Şu mahal ýuwaşjadan pyşyrdasaňam märekä eşidiljekdi.

Suratkeş ahyry öz şahyryna sataşdy. Ýöne onuň ýanyna baryp, öz niýetini mälim etmegiň welin, hiç ebeteýini tapmady.

Köpüň köňlüni okaýan şahyryň durmuşda özüni juda ýalňyz duýýanlygy welin, suratkeşiňem kalbyny gyýdy.

Suratkeş şondan soň şahyryň ykbalyny öwrenip, onda özüni howp-hatarlardan, bela-beterlerden goraýan güýjüň bardygyny duýdy. Göwnüme bolmasa, ykbal onuň eziz zatlaryny elinden alyp, ornuna ylhamdan tükeniksiz serpaý ýapana meňzeýärdi. Ol her gezek bu barada pikir ýöredende serinden aýlaýan şeýle duýgularyny kendiriň ýüzüne geçirýärdi.

Bagta tarap ymtylmak, gowulyklaryň çözgüdini gözlemek ýaşaýşyň syrly dünýäsine aralaşmak pikiri şahyry öz erkine goýmaýan bolmaly. Şahyryň gursagynda ýanyp duran ot birden-ä uly alawa öwrülse, birdenem öçügsije şem ýaly çalaja lypyr-lypyr edýärdi.

Onuň ertir haýsy pelsepäniň başyny agyrtjagyny bolsa hiç kim bilmeýär. Suratkeşem şol pelsepäniň sergezdany ýaly, ser-sepil bolup, şahyryň kölegesine öwrülip, mundan dört-bäş ýyl ozal başlan işini entegem gutaryp bilmän ýör.

Mahym Rozyýewa.

  • 32
  • 12.06.2019