MAKALA

Kelteminar medeniýeti

Amyderýanyň aşak akymlarynda, gadymy Horezmiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň täze daş asyry zamanyna degişli oturymly ýerleriň biri 4-nji Ýanbaşgala mekany bolup, şol mekanyň materiallary Kelteminar medeniýeti ady bilen öwrenilýär. Bu medeniýet awçylaryň we balykçylaryň medeniýeti bolupdyr. Şol gadymy mekandan ägirt köp mukdarda balyk süňkleri, esasan hem lakga balygyň we çüý balygyň süňkleri tapyldy. Haýwanlaryň süňkleriniň arasynda ýabany doňzuň, sugunyň, keýigiň bolmagy awçylygyň hojalygyň esasyny düzendigini görkezýär. Ol ýerden pyşdylyň, guşlaryň süňkleriniň, guş ýumurtgalarynyň gabyklarynyň, balykgulaklaryň tapylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuşy barada netijeler çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Täze daş asyry zamanynda günbatar we demirgazyk Türkmenistanda ýaşan adamlaryň ýaşaýyş-durmuşlary düýpli tapawutlanypdyr. Uzboýyň ýokary we orta akymlarynda, Sarygamyş töwereginde Kelteminar medeniýetine degişli ýadygärliklerden şol döwrüň ýaşaýyş jaýlarynyň galyndylary, daşdan ýasalan dürli zähmet gurallary, ýönekeýje çyzyklar bilen nagyşlanan küýze önümleri tapyldy.

Kelteminar medeniýetine degişli ilat esasan balykçylyk, awçylyk hem-de ýabany ösýän ösümlikleriň miwelerini çöplemek bilen meşgullanypdyrlar. Bu medeniýetiň giçki döwürlerinde ilatyň bir bölegi maldarçylygy ösdürmäge-de üns berip başlapdyr. Neolit zamanynda Türkmenistanyň demirgazygynyň ýaşaýjylary çüý, lakga, kepir balyklary garpunlaryň, çeňňekleriň kömegi bilen tutupdyrlar. Olar jeren, gulan we ýabany atlary awlamagy-da başarypdyrlar. Kelteminarlylar suwuň içindäki mollýusklary, guş ýumurtgalaryny iýmit hökmünde peýdalanypdyrlar. Kelteminar medeniýetiniň giçki döwründäki ilat iri we ownuk şahly mallary eldekileşdirip başlapdyrlar. Bu bolsa geljekde Demirgazyk Türkmenistanda täze ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin şert döredipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda adamlar düýäni eldekileşdiripdirler. Şol döwürde-de mallary araba goşulýan ulag hökmünde ulanypdyrlar. Ekerançylyk işinde ilkinji ulanylan iri haýwan öküz we düýe bolupdyr. Goşa öküzi kündä goşup ýer sürseler, düýäni araba goşup ýük çekipdirler. Meýdan işleriniň artmagy hojalykda atanyň ornuny ýokarlandyrypdyr. Enelik urugy pese düşüp başlapdyr. Aýallar esasan öý işi, çagalary terbiýelemek, geýim-gejim dikmek, kir ýuwmak, biş-düş etmek bilen meşgul bolupdyrlar. Şeýlelikde jemgyýetde atalyk urugy döräpdir.

Urug ýaşulysy mal bakmak, goranmak we uruş meselelerini çözüpdir. Maldarçylyk hojalygyň möhüm pudagyna öwrülmek bilen ekerançylykdan bölünip aýrylypdyr. Erkek adamlar uzak öri meýdanlaryna ýatymlyk gidipdirler. Mallaryň kem-kemden köpelmegi giň öri meýdanlaryny talap edipdir. Indi çarwalar bir ýaýladan başga ýaýla geçmeli bolupdyrlar. Şeýle halda öz ýanlary bilen maşgalalaryny hem alyp gidipdirler. Bu bolsa çarwa maldarçylyk hojalygynyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagyna getiripdir. Hojalygyň täze pudagy, maldarçylyk ýüze çykypdyr. Maldarçylygyň hojalygyň aýratyn pudagyna öwrülmegi dokmaçylygyň ýüze çykmagyna we ösmegine oňaýly täsir edipdir.

Demirgazyk Türkmenistanda ýaşan neolit adamlarynyň medeniýeti Merkezi Aziýanyň uly bölegini tutan Kelteminar medeniýetine meňzeş hasaplanýar. «Kelteminar medeniýeti» adynyň gelip çykyşy Garagalpagystandaky Kelteminar kanaly bilen baglanyşyklydyr, çünki bu medeniýete degişli ýadygärlikler ilkinji gezek şol kanalyň ýakalaryndan tapylýar.

Kelteminar medeniýetiniň başlanan wagty biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň ahyrlaryna degişlidir. Türkmenistanda Kelteminar medeniýetine degişli ilat köp halatda suwa golaý ýerlerde wagtlaýyn düşelgelerde ýaşapdyrlar.

Kelteminarlylaryň jaýlarynyň ýokarsy gümmez görnüşinde bolup, sütünler bilen berkidilipdir. Olaryň uzynlygy 25 metrden gowrak, beýikligi 4 metre barabar hatara gurlan ymaratlardan ybarat bolupdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlarynyň daş tarapy gamyşdyr çybyklar bilen örtülip, ýokarsynda tüsse çykar ýaly deşik goýlupdyr. Bu uly jaýlaryň içinde birnäçe ojak ýerleşipdir. Ol ojakda hiç wagt söndürilmeýän ot ýakylypdyr. Jaýyň girelgesinden şol oda tarap gidýän däliz bolup, bu däliziň iki gyrasynda iki hatar sütün dikilipdir. Ortadaky ojagyň sag we çep tarapynda köp sanly biş-düş ojaklary bolupdyr. Tapylan durmuş zatlarynyň köpüsi-de şol ýerden tapylypdyr. Kelteminarlylar tutuş urug jemgyýeti bolup ýaşapdyrlar.

Kelteminar medeniýetiniň düşelgeleriniň käbiri biri-birinden 300-400 metr uzaklykda ýerleşipdir. Megerem, şeýle düşelgeleriň adamlary köp gektar ýerleri eýeläp bir urugy döreden bolmaklary mümkindir. 4-nji Ýanbaşgalada ýaşan adamlaryň durmuş derejesi neolit zamanyna mahsus aýratynlygy özünde jemläpdir. Olaryň kämilleşen görnüşli peýkam uçlaryndan peýdalanyp başlamaklary ýokarky aýdylanlara güwä geçýär.

Gadymy Horezmiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň iň ajaýyp täze daş asyr oturym ýerleriniň biri 4-nji Ýanbaşgala mekany bolup, şol mekandan tapylan tapyndylar Kelteminar medeniýeti barada düşünje berýär. Kelteminarlylaryň esasy gurallary çakmakdaşyň uzynyrak ýasy böleginden we olaryň has ýuka böleklerinden ýasalypdyr. Olardan ululy-kiçili pyçaklar, naýza, peýkam uçlary, balyk tutulýan enjamlar ýasalypdyr. Ujy çiş, ýuka, ýasy ownuk daşlar, derilerdir gaýyşlary tikmek, bezeg üçin ulanylýan süňkleri, balykgulaklary deşmek süňkdir agaçdan sap ýasamak, nagyşlamak hem başga zatlar üçin ulanylypdyr. Kelteminar medeniýetiniň ýadygärlikleriniň ýaýran sebitleriniň ählisinde hojalyk işleriniň dürli görnüşleriniň utgaşmagynyň hasabyna özgeren özleşdiriji ykdysadyýet agdyklyk edipdir. Şunuň bilen birlikde-de, däp bolup galan ykdysadyýetiň käbir üýtgeşmesi hem täze görnüşli hojalygyň döräp ugrandygyna şaýatlyk edýän subutnamalaram bar. Medeniýetiň ösmegi beýleki welaýatlar bilen özara gatnaşykda bolup geçipdir. Kelteminarlylar günortadaky ekerançylyk bilen meşgullanýan taýpalardan küýzegärçilik gap-gaç önümleriniň käbir görnüşlerini, dürli bezeg jaýlaryň ýasalyş tärlerini öwrenipdirler. Külalçylyk- küýzegärçilik senedi irki döwürlerde ýurduň günortasyndaky şäherlerde has giňden ýaýrapdyr. Zerewşanyň aşak akymlarynda ýaşan adamlaryň orak ornuna ulanan oturma dişli pyçaklary, ýer işlenilip bejerilende ulanylýan abzalyň agraldyjy halkasy barada-da şeýle netijä gelmek mümkin. Tutuşlygyna alanyňda, Kelteminar medeni umumylygynyň ýadygärlikleri Merkezi Aziýanyň awçylyk-balykçylyk täze daş asyrlaryny aýdyň häsiýetlendirýär. Şeýle ýagdaýda günortanyň, ilkinji nobatda bolsa Hazaryň gündogar kenaryndaky gowaklarynyň ýaşaýjylarynyň we irki ekerançylaryň Jeýtun medeniýetini ýaýradyjylaryň täsiri netijesinde öndüriji hojalyk döräp ugrapdyr.

Kelteminar medeniýetiniň soňky döwründe käbir toýundan ýasalan gaplarda reňkli gün nagyş peýda bolupdyr. Bu demirgazykly balykçylar bilen günortadaky ekerançylaryň arasynda ýakyn medeni gatnaşyklaryň bolandygyndan habar berýär. Kelteminar medeniýetiniň urug jemagatlary tebigy güýçleriň öňünde ejiz gelipdirler. Olar suwuň, awuň bol ýerinde ýaşapdyrlar. Olaryň külbeleri gurap barýan derýalaryň kenarlarynda, kölleriň ýakalarynda, gum depeleriniň üstünde gurlupdyr. Kelteminarlylar üçin balyk tutmaklyk hojalygyň esasy pudagy bolupdyr. Balyk tutmakda tordan, süňkden bejerilen garpunlardan, daş synçgylardan, çeňňeklerden giňden peýdalanypdyrlar. Kelteminarlylar esasanam, ýabany doňuz, buhara sugunyny we jerenleri, gulanlary, saýgaklary awlapdyrlar. Şonuň üçin köp dürli daş gurallaryň arasynda daşdan ýasalan peýkamlar, oklaryň uçlary köp duşýar.

Hojalygyň üçünji bir pudagy ýygnaýjylyk bolupdyr. Kelteminar mekanlarynda ýabany igdäniň däneleri köp duş gelýär. Kelteminar urug jemagaty sosial ösüşde enelik urugynyň gülläp ösen döwrüni ýatladýar. Bu döwürde enelik urugynda jübüt maşgala emele gelipdir. Onuň anyk mysaly hökmünde Ýanbasgala – 4 külbesinden tapylan baş ojagyň töweregindäki 100-e ýakyn kiçiräk ojaklaryň maşgala jübütleriniň ojaklarynyň ýerleşdirilmegini ýatlamak bolar.

Amyderýanyň aşak akymynda geçirilen gözlegler wagtynda arheologlar täze daş asyry döwrüniň gonamçylygyny tapyp öwrendiler. Täze daş asyry döwrüniň urug jemagatlarynyň sosial kämilligini öwrenmekde ýeke-täk çeşme hasaplanýan bu ýadygärlik taryh ylmynda «Tümmekkiçijik gonamçylygy» ady bilen girizildi. Bu ýadygärlik 1902-nji ýylda açyldy, arheologiki gazuw-agtaryş işleri bu ýerde 1973-1974-nji ýyllarda alnyp baryldy. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda guburlaryň 27-si açylyp öwrenildi. Guburda jaýlanan adamlar arkan ýatyrylyp baş tarapy esasan, demirgazyk-gündogara garadylyp goýlupdyr. Merhumlar her hili dessurlarda geýilýän geýim-gejimler bilen jaýlanypdyr. Tümmekkiçijik gonamçylygy özüne mahsus alamatlara we guburlarda goýulan çeşmelere görä, Türkmenistandan tapylan Kaýla gonamçylygy bilen ýaşdaş görünýär. Diýmek, Tümmekkiçijik neolit jemgyýetinde enelik urugynyň güllän döwrüniň däp-dessurlaryny ýatladýar.

Uzboý jülgesinde gadymy adamlaryň ýüze çykarylan mekany hem şol zamana degişli bolup, şol ýerde mekan tutan gadymy adamlaryň ýaşaýyş – durmuşy öwrenilende daşdan ýasalan, gowy ýylmanan paltajyklara duş gelindi. Bu paltajyklar edil Kelteminar mekanlarynda duş gelen paltajyklara meňzeşdirler. Demirgazyk Eýrandaky Garikamarbant gowagynyň ýokarky gatlaklarynda daşdan ýasalan edil şolara meňzeş paltajyklara duş gelindi. Bu döwürden başlap, ýasy daşlar görnüşindäki ýönekeý däne owguçlaryň deregine, ýörite dik şekildäki, Müsür owguçlaryna meňzeş däne owguçlar ýüze çykýar.

Uzboýda ýaşaýyş üçin has amatly şertler bolupdyr. Onuň deresi gök zolak bolup, deňiz kenaryny Amyderýanyň Sarygamyşa guýýan ýeri bilen baglaşdyrypdyr. Süýji suwly howuz kenarlarynda kelteminarlylaryň gonalgalary ýerleşipdir. Neolit döwrüniň adamlary Uzboýda VI müň ýyl mundan öň köpçülikleýin ornaşypdyrlar. Uzboýyň ugrunda gadymy mekanlar köp bolupdyr. Olar Uzboýyň aşak akymynyň boýunda we ondan demirgazyga, Amyderýanyň aşak akymlaryna tarap yzy üzülmeýän hatar bolup gidýär. Uzboýda gülläp ösüş howanyň çyglylygynyň artmagy bilen b.e. öňki IV müňýyllygyň I ýarymynda bolup geçipdir. Biziň b. e. öňki IV müňýyllygyň ahyrlarynda Amyderýanyň şahalarynyň akym ugruny üýtgetmegi sebäpli Uzboýa suw akmasy kesilýär. Şeýlelik bilen gurakçylyk zerarly bu ýerleriň ýaşaýjylarynyň sany has azalýar.

Sarygamyş aýlagynyň kenarlarynda hem-de ýokary Uzboýuň boýlarynda köp sanly duralgalar açanyndan soň, olar «Ýokary Uzboý medeniýeti» diýip atlandyrylýar. Täze daş asyrlary döwründe ol sepgitde köp ilat ýaşapdyr. Aşaky Uzboýda, Aktam hanasynyň golaýynda Kelköriň demirgazyk kenaryndan, Galyňguýydan we Dikjeden Togalaga çenli, Balaýşemden Çyryşla çenli uzalyp gidýän Uzboýyň ýokary böleginden tapylan baý tapyndylar oňa şaýatlyk edýär. Düşelgeleriň ilaty aýratyn görnüşli gap-gaçlary ýasapdyrlar. Ol gap-gaçlar ullakan gyralary dik, düýbi tegelek gaplardan, ýarym şar, tutuş şar şekilli jamlardyr käselerden ybarat bolupdyr. Gaplar adatça, tolkun şekilli dik hem kese çyzykly nagyşlar bilen bezelipdir. Dehistanda, Şähryslamda, Nusaýda, Merwde, Sarahsda palçykdan kürelerde bişirip, gap-gaç ýasamak esasy hünärleriň biri bolupdyr. Olardaky egrem-bugram, arça pisintli geometrik şekiller sadaja usulda ýerine ýetirilipdir.

 

Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli) atly kitabyndan.

  • 19
  • 12.06.2019