MAKALA

«Ylym kämilligiň kepilidir»

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň barşynda ýurdumyzy goramagyň mümkinçilikleri has-da ýokarlandyrylýar. Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady bilen bir hatarda harby gullukçylaryň hünär taýýarlyklary döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Hut şu maksat bilen hem mukaddes serhedimiziň asudalygyny üpjün edýän ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň merdana serhetçi serkerdelerini taýýarlaýan Türkmenistanyň Serhet instituty hem şol ösüşlere özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Ynha, ýakynda bolsa, Ylymlar güni mynasybetli «Ylym kämilligiň kepilidir» atly ylmy-amaly maslahaty we sergi geçirildi. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda alyp barýan işleri, ýaşlarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Ylmy-amaly maslahatda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanly bilim ulgamynyň ösüşi hakynda hem täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem geljekki serhetçi serkerdeleri taýýarlaýan ýokary harby bilim ojagynyň sanly bilim ulgamynda ýetmeli sepgitleri kesgitlenilip, bu ugurda amala aşyrylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sergide bolsa, serhetçi serkerdeleriň, harby talyplaryň ylym-bilim ulgamyna degişli işleri görkezildi. Bu gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda ýurt Baştutanymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys!

Goý, ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ulgamyny ösdürmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Selbi Aşirowa.

  • 81
  • 13.06.2019