MAKALA

Uçýan awtoulag tanyşdyryldy

«Geljegiň gatnawy» diýlip atlandyrylýan uçýan awtoulaglaryň hataryna ýene biri goşuldy. ABŞ-da tanyşdyrylan «Skai» atly ulag wodorod ýangyjy bilen işleýär. Bu babatda ilkinji hasap edilýän 6 motorly awtomobil 5 ýolagça niýetlenen. Ulag bir gezekki zarýady bilen 500 kilometr geçýär. Bu görkezijiniň häzirki wagtda hereket edýän elektrokarlaryň köpüsinden ýokarydygyny bellemek gerek. Wodorod ýangyjy bolsa daşky gurşaw üçin zyýansyz bolmagy bilen tapawutlanýar. Ulagyň perleriniň çykarýan sesini azaltmak üçin ol ýörite dizaýn edilipdir. Howpsuzlyk babatda hem ygtybarly hasap edilýän ulagyň iki motory işini doly bes edeninden soňra hem hereketini bökdençsiz dowam etdirip bilýär. Iň erbet ähtimallyklar hem gözden salynmandyr. Ulagda awtopilot işlemedik ýagdaýynda howpsuz gonmak üçin paraşýut hem bar. Şereket ýakynda synag uçuşlaryny geçirip başlajakdygyny mälim etdi.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 78
  • 13.06.2019