MAKALA

Asmandan ýurt asudalygyna gözegçilik

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.

Türgenleşigiň barşynda Milli Goşunymyzyň binýadyndaky uçarlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hem uçarman serhetçileri gatnaşdylar. Olar dikuçarlar ussatlyk bilen erk edip, howadan geçirilýän hüjümlerde başarnyklaryny görkezdiler. Bu bolsa türkmen harby uçarmanlarynyň täze nesliniň kemala gelendiginden, olaryň dünýäniň kämil uçarlaryna ussatlyk bilen erk etmegi başarýandygyndan habar berip, serhedimiziň asman giňişliginde asudalygynyň berk üpjün edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 68
  • 14.06.2019