MAKALA

Döwrebap tehnikalar — gulluk üstünlikleriniň kepili

13-nji iýunda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda geçirilen harby okuw türgenleşiginde Milli Goşunymyzyň binýadyndaky döwrebap, kämil harby tehnikalaryň mümkinçilikleri we aýratynlyklary görkezildi. Harby okuw türgenleşigiň dowamynda dünýäniň iň kämil enjamlary bolan tehnikalara türkmen harby gullukçylary ussatlyk bilen erk edip bilýändiklerini subut etdiler.

Bu günki gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Döwlet serhet gullugynyň maddy binýady dünýä ülňülerine laýyk gelýän harby tehnikalar bilen üpjün edilýär. Şonuň bilen bir wagtda hem şol tehnikalary başarjaňlyk bilen ulanyp bilýän serkerdeler, esgerler taýýarlanylýar, olara ýokary derejede hünär öwredilýär. Şu geçirilen harby okuw türgenleşigiň dowamynda görkezilen pursatlar hem bu aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 46
  • 14.06.2019