MAKALA

«Türkmen edermen»-leriniň edermenlikleri

13-nji iýunynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda geçirilen merdana ýurt goragçylarynyň harby okuw türgenleşik çykyşlary giň gerime eýe boldy. Bu harby okuw türgenleşik çykyşlaryna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary hem gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň bolmagy hem buýsandyryjy wakadyr.

Harby desgany ele salmak üçin bronly tehnikalarda, uçarlarda, dikuçarlarda, awto we motoulaglarda dessin hereket edip, ýüzugra zabt etmek boýunça taktiki-ýörite hereketleri agzybirlikde ýerine ýetiren «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň görkezen çykyşlary ýurt goragymyzyň asudalygyny has-da dabaralandyrdy.

Bu harby okuw türgenleşiginde «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň we halas ediş gulluklarynyň toparlary ýüze çykan ýagdaýy seljerip, şertli garşydaşy zyýansyzlandyrmak we adatdan daşary ýagdaýyň öňüni almak boýunça bilelikdäki hereketleri guradylar we edermenligiň türkmen nusgasyny görkezdiler. Ol bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändiginiň belent ykrarnamasydyr.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 63
  • 14.06.2019