MAKALA

«Garşydaş garaşmaýar»

13-nji iýun. Bu gün geçirilen harby okuw türgenleşigi ýene bir zady, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümindäki mergenleriň hem hünär taýýarlagynyň ýokarydygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Harby okuw türgenleşikde mergen harby gullukçylar harby hünäri  ussatlyk bilen öwrenýandiklerini subut etmek bilen,....

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp agaaýdýan taryhymyzdan şu günlerimize gelip ýeten maglumatlardan mälim bolşy ýaly, geçmişde pederlerimiz mergenligiň nusgalyk ýollaryny döredipdirler. Ýurda howp abananda esasy güýç hasap edilýän ýörite mergenleri taýýarlamak meselesini aýratyn üns merkezinde saklapdyrlar. Mergenlik türkmeniň ata-baba ganynda bar. Munuň hakykatdygyna biziň häzirki günlerimizde gymmatyny ýitirmän ýaşaýan şeýle rowaýatlar hem şaýatlyk edýär.

«Gadym döwürlerde gaýry ýurtdan gelýän agyr kerwen bir türkmen obasynyň üstünden geçmeli bolupdyr. Bag-bakjasy seleňläp oturan bir obanyň gyrasynda eli okly-ýaýly ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çöküne düşüp, aglap oturan eken. Kerwenbaşy oglanjygyň ýanyna baryp: «Oglum, näme boldy, näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorapdyr. Oglanjyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturşyna, ok atym aralykdaky gara agajy görkezip: «Men nyşanany urup bilmedim, şonuň üçin namys edip otyryn, özüme gaharym gelýär» diýip, jogap beripdir. «Heý-de, onuň üçinem gözýaş dökerlermi?! Sagdagyň okdan doly, ýene birini alyp atyp goýber» diýip, kerwenbaşy dillenipdir. Onda oglanjyk: «Ýöne duşman meniň ýene bir okumy ataryma garaşyp durarmy näme?» diýip, kerwenbaşynyň ýüzüne soragly nazaryny dikipdir. Kerwenbaşy bu jogaba haýran galypdyr: «Türkmeniň ýedi ýaşlysy şeýle pikir edýän bolsa, ýaşy ýetip, akyly goýalyşanlarda Watan, namys duýgusy has kämil bolmaly» diýip, türkmeniň bu duýgusyna haýran galypdyr.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 50
  • 14.06.2019