MAKALA

Ýurt goragy ynamly gollarda

13-nji iýunda geçirilen harby okuw türgenleşigi ýurt goragymyzyň mizemezligini ýene bir ýola subut etdi. Okuw maksatly geçirilen bu harby türgenleşikdäki çykyşlar edermenligiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda ýokary watansöýüjilige beslenen harby okuw türgenleşigi öz öňünde goýan maksadyna ýetdi. Asuda, parahat ýaşaýşyň abadançylygyny kepillendirýän çykyşlar ýurt goragynyň gujurly, merdana harby gullukçylaryň elindigini ykrar etdi.

Dürli görnüşdäki harby tehnikalara ussatlyk bilen erk etmegi başarýan harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlyklarynyň ýokary derejede bolmagy, ata Watanymyzyň asuda asmanynyň, abadan ýaşaýşynyň röwşen ýollardan rowandygyny  aýan etdi. Şeýle röwşenligiň sakasynda bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyz bolup, ýurdumyzy rowaçly menzillere atarýar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 116
  • 14.06.2019