MAKALA

Uçurymlar ak ýola rowana

Şu gün paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Konstitusiýa binasynda ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň gutardyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Şol dabara Türkmenistanyň Serhet institutynyň uçurymlary hem gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlaryň ýüzlerinde begenç alamatlaryny görmek bolýar. Çünki ýokary okuw mekdebine okuwa girip, ony üstünlikli tamamlap, hünärli bolmak her bir ynsanyň esasy arzuwy.

Serhet institutyny tamamlaýan uçurymlaryň dost-doganlyk serhedimiziň goragynda durjak kämil hünärmen serhetçi serkerdeler bolup ýetişendikleri bellärliklidir. Çünki 2014-nji ýylda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda açylan Serhet institutynda okamak, hünär öwrenmek, medeniýetli dynç almak, dürli medeni we sport çärelerini, ýaryşlary geçirmek, döwrüň talabyna görä tehnologiki enjamlar bilen işlemek üçin ähli şertler göz öňünde tutulan.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Türkmenler ähli döwürlerde ýurt goraýan gerçekleriň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga örän gowy ähmiýet beripdirler» diýip bellemek bilen, berkarar ýurdumyzda ylmyň, bilimiň ösdürilmegine aýratyn üns berýär, bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle uly aladalarynyň netijesinde bina edilen döwrebap ýokary harby okuw mekdebinde ýokary bilim alyp, hünär öwrenen serhetçi uçurymlaryň joşgunly ýüreklerinde hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlar çäksizdir. 

 

«Serhet abat — Döwlet abat»

  • 94
  • 15.06.2019