MAKALA

Ýagty ýyldyzlaryň ýalkymy

Siz heý-de ömrüňizde ýyldyzlaryň zemine gonuşyny görüpmidiňiz?! Eger bu ajaýyp pursat- lary görmedik bolsaňyz, munuň üçin her ýylyň tomsunda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň Konstitusiýa binasynda geçi-rilýän uçurym dabarasyna gatnaşmak ýeterlik! Şonda siz asmandaky ýyldyzlar deý ýalkymy lo-wurdap duran ýyldyzlaryň hut şu günden başlap serkerde hökmünde öz gulluk borçlaryny egnine alyp, ak ýollara atlanjak ýüzlerçe oglan-gyzlaryň eginlerine gonandygyny görersiňiz. Özem ol ýyldyzlar Watan ýüküni egnine alyp biljek, ser berse-de, mele ýerini bermejek eginlere gonýar. Diýmek, ýyldyzlar — mertebe, ýyldyzlar — buýsanç, özüniň öçmez lowurdysy bilen heniz külterlenilmedik menzilleri aşjak mukaddeslik.

Şeýle ýalkymly ýyldyzlaryň ýüzlerçesi hut şu gün dost-doganlyk serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde mynasyp goşandyny goşjak Serhet institutynyň uçurymlarynyň hem eginlerinde lowurdady. Şol ajaýyp günde dabara lybasynda nyzama düzülen serhetçi uçurymla-ryň ýyldyz gonan eginlerinde ajaýyp ertelerimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň keşbi aýdyň göründi. Mukaddes Watanymyzyň başlanýan ýeri bolan dost-doganlyk serhedimiziň milli hünär-menleri hökmünde sönmez ýyldyzlaryň ýalkymyny şamçyrag edinip, ak ýollara ugrajak uçurymlar institutda hünärleriň birnäçe ugry boýunça bilim aldylar. Okan döwründe harby talyplaryň esasan hem beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolmagy üçin olara ussat mugallymlardyr serkerdeler bilim berdi.

Takyk bilimler bilen beden taýdan taýýarlygyň sazlaşykly alnyp gidilmegi özboluşly haky-katyň düýp özeni bolup durýar. Sebäbi uçurymlara serkerde bolup, serhet goragyna gidenlerinden soň gullugynyň dowamynda islendik çylşyrymly ýagdaýlardan özbaşdak baş alyp çykmak zerur-lygy ýüze çykýar. Oýlanyşykly edilen hereketiň we ädimiň hem-de wagtyň serhet goragynda ähmiýetiniň uludygyny ýaýdançsyz aýdyp bolar. Munuň üçin bolsa kämil psihologiki durnuklyly-ga eýe, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän harby tehnikadyr ýaraglara erk edip bilýän hüşgär, sagdyn serhetçi serkerdelere institut bilimi ugrukdyryjy ädim boldy. Ýeri gelende belle-sek, instituty tamamlan şu ýylky uçurymlaryň arasynda özüni jemgyýetçilik, medeni, sport çärele-rinde, okuw-türgenleşiklerde işjeň görkezip, baýrakly orunlara eýe bolmagy başaran uçurymlaryň has artandygy örän buýsandyryjydyr.

Serhetçi serkerdeligi saýlamak bilen bir hatarda jemgyýetçilik, hukuk ylymlary, şahsy dü-züm bilen işleşilende terbiýeçilik işini guramak, olaryň ruhy-ahlak ýagdaýyny öwrenmek ýaly ugurlar boýunça hem hünärler öwredildi. Bu dersler boýunça talyplara bilim berilmegi möhümdir. Çünki her bir serkerde eýeleýän wezipesine garamazdan, şahsy düzüm bilen gündelik iş salyşýar. Hut şonuň üçinem, «Her bir serkerde terbiýeçi bolmalydyr» diýilýär. Şahsy düzümiň terbiýesine, işjeňligine gözegçilik etmek, ýokarlandyrmak üçin şeýle sypatlar her bir serkerdä mahsus bolma-lydyr. Serhet goragyny üpjün etmekde gullugy dogry guramak, ynanylan ýaragdyr tehnikalardan ussatlyk bilen baş çykarmak, gulluk itlerinden, atlaryndan peýdalanmagyň usullary barada geçilen sapaklar bolsa, olaryň başlangyç menzilleriniň badalgasy bolar.

Etika we estetika ýaly sapaklarda öwrenilenler gullukdaş ýoldaşlary, şahsy düzüm, gerek bolan halatlarynda islendik şahs bilen hem dil tapyşmakda we birek-birege ýokary derejedäki ah-lak sypatlarynyň ýüzünden seretmekde uçurymlarymyzyň baş çelgisi bolar.

Dogrudan-da birek-birege goýulýan sylag-hormat adama berk täsir edýär we şahsyýetiň iş-jeňliginiň esasy görkezijisi bolup durýar. Şonuň üçin-de, harby medeniýet diýen düşünjäniň hem hut şunuň özünden gelip çykýandygyny unutmazlyk gerek.

Örän çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman dünýäsinde Watan düşünjesiniň gözbaş alýan ýeri bolan serhedimiziň goragçysy bolmak, bu kesbiň eýelerinden nähili jogapkärçiligi talap ed-ýändigini hem aýratyn nygtamalydyr. «Pikir-pikirden rüstem» diýlişi ýaly, bu meselede häzirki zaman serhet goragynda alnyp barylýan döwrebap taktika bilen birlikde, özüňe ynanylan harby tehnikalardan, inžener we aragatnaşyk serişdelerinden, kämil ýaraglardan baş çykarmak gerek.

Institutda berlen kämil bilim hem-de terbiýe «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda döwletimiziň serhediniň jogapkärli goragyny üpjün etmäge girişjek uçurymlarymyzyň bu wezipäniň hötdesinden aňryýany bilen geljekdiginiň kepilidir. Çünki olar serhetçi serkerde hünä-rini ýöne kesp bilmän, eýsem ykbal saýan merdana gerçeklerdir. Hut şonuň üçin hem ýalkym saçýan ýyldyzlar olaryň eginlerinde lowurdaýar.

 

Aknur Rozyýewa.

  • 107
  • 15.06.2019