MAKALA

Maşgala begenji

Bu gün biziň maşgalamyzda ýene-de bir ýatdan çykmajak begençli gün. Oglumyz Batyr Nobatow ýurdumyzyň iň döwrebap ýokary harby okuw mekdebi bolan Serhet institutyny tamamlady. Muňa ata-ene hökmünde biziň buýsanjymyzyň çägi ýok.

Oglumyň dabara harby lybasynda Serhet institutynyň uçurymy bolup, egni harby çinli öýümize gelmegi öz ýaşlyk ýyllarymy ýadyma saldy. Ömrüniň otuz ýyl gowrak wagtyny döwletimiziň serhediniň goragynda harby gulluga bagyşlap, bu günki gün ätiýaçlykda halypa serhetçi serkerde hökmünde şol zähmetleriň hözürini görüp ýaşaýan ata bolup, şeýle bagtly günleriň şaýady bolmak bagtlylykdan nyşan. Muňa maşgalamyz bolup begenýäris. Perzendiniň Watan, il derdine ýaraýan wepaly, halal adam bolup ýetişmegi her bir ata-enäniň arzuwy. Oglumyz serhetçi serkerde bolup, kakasynyň kesbini dowam etdirmegi ýaşlykdan arzuw edýärdi. Bu gün onuň arzuwlary amala aşdy.

Onuň ele alan hünärini özleşdirip, başarjaň, ezber serhetçi serkerde hökmünde gullugyny dowam etdirmek üçin baran ýerinde dost-doganlyk serhedimizi berk gorap, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys.

Şeýle bagtly, begençli günleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Orazmämmet, Gurbanbike

Nobatowlaryň maşgalasy.

  • 141
  • 15.06.2019