MAKALA

Selewkiler döwleti

Aleksandr Makedonskiý b.e.öň 323-nji ýylda Wawilonda aradan çykandygy baradaky habar ýyldyrym çaltlygynda bütin imperiýanyň çäklerine ýaýraýar. Bu habardan soň Merkezi Aziýadaky grek-makedon goşunlarynyň 20 müňden gowragy watanlaryna dolanmak üçin Sogddan we Baktriýadan çykyp gidipdirler.Aleksandryň döwletiniň ýerlerinde üç sany esasy patyşalyk döräpdir.

1)Makedoniýa we Gresiýa

2)Ptolemeýler döwleti-munuň çäklerine Müsür, Siriýanyň günorta bölegi, Kiçi Aziýanyň birnäçe ýerleri giripdir.

3)Selewkiler döwleti

Satraplaryň arasyndaky ylalaşyga görä, Aleksandr Makedonskiniň goşun serkerdesi Selewk Wawilony dolandyrmaga hukuk alypdyr. Ol ilki başlarda Wawilonyň çäklerini giňeltmek ugrunda göreş alyp barypdyr. Selewk ilki Aleksandryň goşun serkerdeleriniň biri bolan Ýewmen bilen söweşýär. Ýewmen öz egindeşi Antigon bilen bileleşip, Selewki ýeňipdirler. Selewk Müsüriň hökümdary Ptolemeýden kömek sorapdyr. Ptolemeýiň kömegi bilen ol Antigony Wawilondan çykarypdyr. B.e.öňki 312-nji ýylda Selewk Wawilony eýeläp, soňra Siriýany, Merkezi Aziýa ýerlerini özüne birikdirýär. Onuň guran döwleti öz ady bilen baglylykda Selewkiler döwleti adyny alypdyr. Ol ýerli halkyň kömegi bilen bütin satraplyklarda öz agalygyny dikeldýär. Soňra Merkezi Aziýa, Eýrana ýöriş edýär. Selewk Hindistanda Maurew nesilşalygyny esaslandyran Çandraguptanyň goşuny bilen hem çaknyşypdyr. Netijede, Selewk Aleksandryň Hindistandaky eýelän ýerlerini Çandragupta bagyş edipdir. Çandragupta bolsa Selewke gymmat bahaly sowgatlar bilen 300 sany söweşjeň pil beripdir. Bu bolsa Selewkiň goşunynyň güýjüni has-da artdyrypdyr. Selewk b.e.öň 305/304-nji ýyllarda özüni patyşa diýip yglan edýär. Soňra demirgazyk Siriýany basyp alýar. B.e.öň 281-nji ýylda Kiçi Aziýanyň köp bölegini eýeläpdir. Şol ýyl Makedoniýany basyp almaga synanyşypdyr, ýöne aradan çykypdyr. Selewk I patyşalyk eden döwrüniň ilkinji ýyllarynda günorta-günbatar ýerlerini basyp alypdyr. B.e. öňki 292-nji ýylda Selewk I-niň Spitameniň gyzy Apamadan bolan ogly Antioh kakasynyň gündogar welaýatlaryna häkim bellenipdir. Ol Baktry şäherinde oturyp dolandyrypdyr diýen maglumatlar bar. Antioh I (283-261-nji ýyllar) döwründe Merkezi Aziýa ýerlerinde belli bir derejede ýokary göteriliş bolupdyr. Ol grek-makedon basybalyşlary wagtynda weýran bolan şäherler gaýtadan gurlupdyr, birnäçe täze şäherler hem dikeldilipdir. Antioh Ariýanyň paýtagty Artakoanany gaýtadan gurdurypdyr. Şol döwürde Margiananyň merkezinde gadymy Erkgalanyň töwereginde uly şäher peýda bolupdyr. Oňa Margiana Antiohiýasy diýilýän eken. Şäheriň daşyna äpet gala aýlanypdyr. Ol gala häzir Gäwürgala ady bilen bellidir. Uzynlygy 250 km. töweregi bolan pagsadan galdyrylan ol galanyň galyndylary Baýramaly şäheriniň demirgazyk sebitlerinde saklanyp galypdyr.

Gäwürgala Margianany bol hasylly ýerlere süýşýän çägeden, şol bir wagtyň özünde-de çarwa taýpalaryň çozuşlaryndan gorap saklamaga niýetlenipdir. Ol 320 gektar töwregi meýdany tutupdyr. Bu bolsa şol döwürdäki Rim şäheriniň daşyna salynan galanyň tutýan meýdanyndan hem ep-esli köpdür.

Gäwürgalanyň özi uly dörtburçluk görnüşinde gurlup, dört tarapynda hem derwezesi bar eken. Şol dört derwezeden çekilen ýollar galanyň ortasynda atanak şekilli kesişip, onuň içini dört bölege bölüpdir. Şol bölekleriň ýerleşişini, olarda gurlan ymaratlary synlanyňda ilatyň durmuş gatlaklara bölünip ýaşandygyny kesgitlemek mümkindir. Hökümdar toparlar, gul eýeleri, täjirler öz köşklerini, kaşaň jaýlaryny beýleki ilatdan birneme üzňelikde gurupdyrlar. Şäheriň günorta tarapynda hünärmenleriň bölegi, demirgazygynda bolsa garyp-gasarlaryň külbeleri ýerleşipdir.

Selewkiler döwletinde salgyt ulgamy ösen bolupdyr. Daýhanlar erkin bolup, salgydy pul we nagt zatlar bilen töläpdirler. Salgytlaryň görnüşiniň köplügi, möçberiniň agyrlygy daýhanlary döwlete bakna edip goýupdyr. Esasy salgytlaryň daşyndan adamlara jan başyna düşýän salgyt hem salnypdyr. Selewkileriň goşunlary esasanam, pyýada we atly goşun bolupdyr. Merkezde olar az sanly bolup, köp bölegi ýerli satraplyklaryň gagamagyna iberilipdir. Zerurlyk ýüze çykanda ýerli adamlardan hakyna tutma goşun hem düzüpdirler. Patyşa hazynasynyň köp bölegi goşuna sarp edilipdir. Patyşa ähli goşunyň baş serkerdesi bolupdyr we uruş döwründe özi goşuna doly ýolbaşçylyk edipdir. Döwletiň ýerleri birnäçe welaýatlara bölünipdir, käbir maglumatlarda 72 welaýata bölünipdir. Her welaýatyň başynda satraplar durupdyr. Döwletiň ýerleri iki topara bölünipdir. Birinjisi patyşanyň ýerlerine, ikinjisi bolsa şäherlere, ýerli dinastiýalara, taýpalara degişli bolupdyr.

Selewkler döwründe ekerançylygy ösdürmekde uly işler edilipdir. Gadymy grek taryhçylarynyň ýazmagyna görä, Margianada, Baktriýada, Parfiýada şäher gurluşygyndaky işlere grekler, makedonlar, Kiçi Aziýanyň we Siriýanyň ellinileşen, ýagny grek-gündogar garyşyk medeniýetinden emele gelen şäherleriň ilaty çekilipdir. Şu döwürde Murgap derýasynyň boýunda uly suw howdany gurlupdyr. Şol suw howdany häzirki Soltanbendiň gurlan ýerlerinde bina edilipdir. Margianada, Horezmde täze kanallar çekilip, suwarymly ekerançylyk has giňelipdir. Horezmde Janbasgala, Bazargala, Galalygyr, Goýungyrlangala diýen ýerlerden tapylan küýze gaplary, heýkeljikler bu döwürde hünärmentçiligiň hem ösendigine şaýatlyk edýär. Şol küýze gaplarda güberçekli nagyşlar bilen atly esgerler, guşlar, düýeler, keýikler örän çeper şekillendirilipdir. Baktriýada, Parfiýada, Sogdda monetalar zikgelenip başlanypdyr. Ilkibaşda ol pullar (altyn moneta-stater; kümüş monetalar-drahma, tetradrahma) biçak gymmat bahaly bolup, diňe lomaý söwda etmäge mümkinçilik beripdir. Soňra ownuk monetalar, şol sanda mis monetalar hem zikgelenip bölek-satuw söwdanyň ýola düşmegine ýardam edipdir. Ol pullaryň ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň, Selewkiň we selewkileriň nesillerinden bolan patyşalaryň birnäçesiniň suratlary zikgelenipdir. Ahemeniler döwründe açylan ýollarda kerwen gatnawy has ýygjamlaşypdyr. Baktriýany we Hindistany Derýaaralyk hem-de Siriýa bilen baglanyşdyrýan ýol bu ýurtlaryň arasynda diňe bir haryt gatnaşyklarynyň däl, eýsem medeni gatnaşyklarynyň-da ösmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Selewkiler döwletinde dolandyryş ulgamda hem özgertme geçirilipdir. Antiohyň dolandyryşda geçiren özgertmeleri netijesinde Ahemeniler döwründen bäri dowam edip gelen satraplyklar ownuk dolandyryş birliklere bölünipdir. Şol bölünişik boýunça Parfiýa üç bölege bölünipdir: Parfiýan (häzirki Ahal sebitleri), Apawarktikena (Etek), Astawena (Parfiýanyň günorta taraplary). Bu özgertmeler basyp alnan ýerleri edara etmegi ýeňilleşdirmäge, şeýle hem, iri welaýatlarda selewkileriň golastyndan çykmaga meýilleriň öňüni almaga gönükdirlipdir. Emma Parfiýanyň, Margiananyň, Baktriýanyň hojalygynyň ýokary göterilmegi, olaryň özbaşdaklyga bolan isleglerini güýçlendiripdir. Demirgazykda Horezmiň, Garagumda çarwa taýpalarynyň hiç kime boýun egmän, erkinligini saklap oturmagy Parfiýada, Baktriýada we beýleki ýerlerde syýasy özbaşdaklyga islegini has-da artdyrypdyr. Antioh II (b.e.öň

261-247 ýý.) döwründe Baktriýa syýasy taýdan özbaşdaklygyny alýar. Onuň hökümdary Diodot b.e. öň 250 –nji ýylda özüni patyşa diýip yglan edýär. Sogdianada bolsa Ýewtidem özüni özbaşdak patyşa diýip yglan edýär. Ýustiniň habar bermegine görä, b.e.öň III asyryň ortalarynda Parfiýada Andragor özüni özbaşdak patyşa diýip yglan edýär. Onuň adyndan b.e.öň IV asyryň ahyrlarynda pul hem zikgelenipdir. Andragoryň zamanynda Parfiýanyň serhetlerinde ýaşaýan dah we parn taýpalary gozgalaň edipdirler. Gozgalaňa doganlar Ärsak we Tridat ýolbaşçylyk edipdirler. Söweşleriň birinde Parfiýanyň satraby Andragor öldürilýär. Häkimiýet başyna doganlar Ärsak we Tridat geçipdirler. Bu waka b.e.öň 247-nji ýylda bolup geçipdir. Selewk patyşasy Selewk II günbatarda öz ýagdaýyny berkiden soň gündogardaky elden gidiren ýerlerini gaýtaryp almaklyk üçin ýörişe başlaýar. Ilkibaşda ol birsyhly ýeňiş gazanan hem bolsa soňabaka ýeňiş parfiýalylaryň tarapynda bolupdyr. Parfiýalylar sak taýpalary bilen bileleşip Selewk II ýeňipdirler. Antioh III döwründe hem Parfiýa howp salypdyr. Olara garşy Parfiýa patyşasy Ärsak II b.e.öň 209-njy ýylda goşun sürýär, ýöne ýeňlip ylalaşyk baglaşýar. Grek-Baktriýada, umuman Gündogarda içki dawalar sebäpli Selewkiler döwleti gowşap başlaýar. Selewkiler döwleti Demetriý II döwründe Siriýany hem elden gidiripdir. Mesopatamiýada öz täsirini güýçlendiren Demetriý II Parfiýalylaryň garşysyna söweşe başlapdyr. Demetriý II söweşleriň birinde ýesir düşüpdir. B.e. 131-nji ýylda Demetriý Iiniň dogany Antioh VII Siriýada öz täsirliligini ýokarlandyrmak başardypdyr. Ol grekleriň güýjüne daýanyp Derýaaralygy basyp almaga synanşypdyr. Söweşde Antioh VII goşuny derbi-dagyn edilipdir, özi bolsa öldürilipdir. Şundan soň Selewkiler döwleti dargapdyr.

 

Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli) atly kitapdan.

  • 45
  • 17.06.2019