MAKALA

Taryhy ýerlere gezelençler

Merdana halkymyzyň baý taryhynda milli däp-dessurlarymyz, Watan goragy, edep-ekram, maşgala abatlygy, perzent terbiýesi, söze ygrarlylyk, halallyk, myhmansöýerlik, harby sungatdan baş çykarmak, garaz, haýsy ugry alanyňda-da ata-babalarymyz nusgalyk ýörelgäni kemala getiripdirler we ol ýörelgeler ýyllardan- ýyllara aşyp, nesillerden-nesillere dowam edip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Şan-­şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy dün­ýä ýaý­mak, ony şu gün­ki ne­sil­le­riň ara­syn­da giň­den wa­gyz et­mek ar­ka­ly, o­la­ry­ň wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ýaşla­ryň geç­mi­şi­mi­zi çuň­ňur bil­mek­le­ri­ni ga­zan­mak hä­zir­ki döw­rüň öňü­miz­de goý­ýan
esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu asyl­ly iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de möhüm işler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üs­tü­miz­dä­ki ýy­ly «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy hem-­de öz ýi­ti ze­hi­nin­den dö­rän «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly aja­ýyp ese­ri­ni halk köp­çü­li­gi­ne sow­gat ber­me­gi bu ugur­da mö­hüm ädim, şeýle hem hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy­ny wa­gyz et­mä­ge uly go­şant bol­dy.

Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ýyl my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li ulgamlarynda bolşy ýaly, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ser­het gul­lu­gyn­da hem de­giş­li çä­re­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Es­ger­ler bi­len ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, taryhçylaryň, bi­lim iş­gär­le­ri­niň gat­naş­mak­larynda duşu­şyk­lar, gadymy kerwen ýollarynyň ge­çen ýer­le­ri­ne, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­re, me­deni ojaklara gezelençler guralýar.

Har­by gul­luk­çy­la­ryň arasynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýoly halklary birleşdiriji ýol», «Ta­ry­hyň we şu gü­nüň paý­has şam­çy­ra­gy», «Kerwen geçer, ýol galar», «Goç ýigitler demir ga­la­dyr» at­ly maslahatlar, duşuşyklar, taryhy ýerlere gezelençler we bu ýyl bilen baglanyşykly meýilnamalaýyn geçirilen beýleki çäreler täsirli bolýar.

Umuman, Be­ýik Ýü­pek ýo­lunyň Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ýurdumyza wepalylyk, ta­ry­hy­my­za buýsançly duýgularyny artdyrmakda ähmiýeti uludyr. «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» ýy­ly­nyň yg­lan edil­me­gi we bu at bi­len mil­li Li­de­ri­mi­ziň ki­ta­by­nyň çap­dan çyk­ma­gy, şeý­le-­de bu ýo­luň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de tä­ze­den galkynmagy hal­ky­my­zyň hem­-de döw­le­ti­mi­ziň ab­raýyny be­lende gö­terendigini guwanç bilen bellemek gerek.

 

Meretgeldi AMANGELDIÝEW.

 

  • 79
  • 06.09.2018