MAKALA

Ylma, alymlara sarpa

Türkmen topary gadymy döwürlerden bäri ylmyň, medeniýetiň dünýäde ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Bu mukaddes toprakda dünýä ylmyna uly goşant goşan beýik alymlar, danalar ösüp ýetişipdirler. Olaryň atlary dünýä ylmynyň iň görnükli wekilleri hökmünde taryhda ebedileşdirilipdir. Olardan miras galan ylmy eserler, açyşlar dünýä medeniýetiniň, ylmynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olaryň döreden ylmy eserleri, eden açyşlary häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Bu bolsa türkmen topragynyň geçmişde dünýä ylmynyň, medeniýetiniň merkezi bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz türkmen topragynda ýaşan, döreden, dünýä ylmynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan, ylmyň dürli ugurlary boýunça köp sanly ylmy işleri bize miras goýan alymlara buýsanmaga haklydyrys.

Hiç bir zat tarp ýerden döremeýär. Türkmen topragynda hem ylmyň, medeniýetiň ösmeginiň, bu toprakda beýik alymlaryň, filosoflaryň, danalaryň döremeginiň çuň kökleri bar. Türkmen topragynda hem gadymy döwürlerden başlap, ylmyň, medeniýetiň ösmegi üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. Oňa halkymyzyň gadymdan gelýän ylma, ylym, medeniýet wekillerine çäksiz sarpa goýmak däpleri bir tarapdan uly itergi beren bolsa, beýleki bir tarapdan, gadymy ekerançylyk, maldarçylyk, şäher medeniýetleriniň gülläp ösmegi hem uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Bu medeniýetleriň ösmegi üçin möhüm şert hökmünde ylmyň ösmelidigi tebigy bir ýagdaýdyr. Islendik medeniýetiň ösmeginde ylmyň orny örän uludyr. Çünki ylym, ylmyň görnükli wekilleri dürli medeniýetleriň ösmegine, halkyň aň-düşünjesiniň artmagyna, medeniýetiniň ýokarlanmagyna örän oňaýly täsir edýärler. Olaryň öňe sürýän taglymatlary halkyň giň goldawyna eýe bolýar giň goldawyna eýe bolýar.

Türkmen topragynda ylmyň ösmegine gadymy ylym-bilim, medeniýet merkezleri hem uly itergi beripdir. Şol merkezleriň hatarynda Merw, Nusaý, Köneürgenç, Amul, Dehistan, Abywerd ýaly dünýäde öz ylym-bilim merkezleri bilen meşhur bolan sebitleri görkezmek bolar. Diýmek, türkmen topragynda gadymy döwürlerden bäri ylmyň ösmegi üçin ähli oňaýly şertler bolupdyr. Şonuň üçin hem, bu toprakdan köp sanly meşhur alymlar, filosoflar, danalar çykypdyr.

Mähriban halkymyzyň ylma, alymlara goýýan sarpasy çäksizdir. Halkymyzyň ylmy öwrenmäge, ylmyň syrlaryna düşünmäge ymtylyşy, höwesi hem çäksizdir. Şoňa görä-de, merdana halkymyz ylym adamlary, beýik alymlar barada köp sanly rowaýatlary, hekaýatlary, gürrüňleri döredipdir. Bu rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, gürrüňleriň bir bölegi biziň günlerimize çenli hem saklanyp galypdyr. Bu halk kyssalary halkymyzyň ylma, ylym wekillerine, beýik alymlara çäksiz sarpa goýandygynyň, olara guwanandygynyň, buýsanandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Bu halk kyssalarynyň her biri halkymyzyň gadymdan galan gymmatly edebi mirasydyr. Olaryň her biri ylmy taýdan düýpli öwrenilmäge, derňelmäge mynasypdyr. Olarda halkymyzyň ylma, alymlara, beýik danalara goýýan belent sarpasy, ylma ösüşiň, medeniýetiň baş şerti hökmünde garandygy ähli aýdyňlygy bilen görünýär.

Şol halk kyssalarynyň hatarynda Ibn Sina, Mäne baba, Biruny, Omar Haýýam, Horezmi, Merwezi, Kubra, Faraby, Magtymguly we beýleki alymlar, danalar bilen baglanyşykly döredilen rowaýatlary, gürrüňleri mysal hökmünde görkezip bolar.

Bu eserleri her birinde halkymyzyň bu beýik şahsyýetleriň adyny ebedileşdirmäge çalşandygy, olara çäksiz buýsanjy, olara keramatlylar hökmünde seredendigi aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, bu eserleriň her biri halkymyzyň uzak taryhynyň gymmatly ýadygärlikleri, halkyň öz topragynda ýaşan beýik şahsyýetlere goýan sarpasynyň, olardan durmuşda nusga alandygynyň nyşanlary hökmünde uly gymmatlyga eýedir. Bu eserler çeşme hökmünde öz ähmiýetini hiç wagt hem ýitirmeýärler

Halkymyz ylym, alymlar, danalar barada köp sanly nakyllary hem döredipdir. Halk döredijiliginiň iň gadymy nusgalary hökmünde bu nakyllarda hem halkymyzyň ylma, alymlara, beýik filosoflara goýan belent sarpasy, buýsanjy aýdyň görünýär.

Şol nakyllara mysal hökmünde «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň», «Ylymly kaza şaýat gerek bolmaz» ýaly nakyllary görkezmek bolar.

Bu nakyllaryň her birinde halkymyzyň ylma, ylym wekillerine, danalara çäksiz sarpa goýandygy, ylmy ösüşiň, öňe gitmegiň, dünýä akyl ýetirmegiň merkezinde goýandygy aýdyň duýulýar. Ylymly, dana adamlara keramatlylar hökmünde garan halkymyz asyrlaryň dowamynda ylmy medeniýetiň, siwilizasiýanyň, ösüşiň kuwwatly itergi beriji güýji hasaplap gelipdir

Türkmen topragynda doglup, önüpösen, ýa-da oňa dahylly beýik şahsyýetler barada köp sanly rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, gürrüňleriň asyrlaryň dowamynda saklanyp galyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şol rowaýatlarda, hekaýatlarda, gürrüňlerde Faraby, Horezmi, Biruny, Ibn Sina, Mäne baba, Magtymguly, Nesimi, Firdöwsi ýaly beýik şahsyýetleriň we beýleki köp sanly ylmyň görnükli wekilleriniň ylym, ony ösdürmek, özlerini ylym dünýäsinde ykrar etdirmek, öz taglymatlarynyň dogrudygyny subut etmek ugrunda çeken azaplary, gören görgüleri, jebirleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Bu halk kyssalary beýleki gymmatlyklar ýaly örän uly ähmiýeti bolan gymmatly çeşmelerdir. Halkymyzyň milli edebi mirasynyň gymmatly, şol bir wagtda-da, örän uly çeşmelik ähmiýeti bolan aýrylmaz bölegidir. Olarda halkymyzyň ylma, ylym adamlaryna, beýik danalara goýýan çäksiz hormat-sarpasy, ylym, ulgamyny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary eden şahsyýetleri hiç wagt unutmaýandygy aýdyň görünýär

Bu halk kyssalary toplanmaga, hemmetaraplaýyn ylmy esasda derňelip, öwrenilmäge mynasypdyr. Çünki olarda halkymyzyň geçmişi, medeniýeti, dünýä meşhur ylym ojaklaryny döredendigi, ylmy ösdürmäge aýratyn üns berendigi, köp sanly beýik şahsyýetleriň türkmen topragynda işläp, uly açyşlary edendikleri, olaryň alan bilim-terbiýesi, öňe süren garaýyşlary öz aýdyň beýanyny tapýar.

Dürli döwürlerde türkmen topragynda örän iri we bütindünýä ähmiýeti bolan ylym merkezleri döräpdir. Olarda dünýä ylmyna uly goşant goşan beýik alymlar işläpdirler, öz meşhur eserlerini döredipdirler. Şol ylym ojaklarynda örän baý kitaphanalaryň, obserwatoriýalaryň bolandygyny biz taryhy maglumatlardan bilýäris.

Şeýle uly ylym ojaklarynyň türkmen topragynda döremegi, meşhur kitaphanalaryň bolmagy hem halkymyzyň ylma, alymlara, goýýan belent sarpasynyň, türkmen topragynyň asyrlaryň dowamynda meşhur ylym ojaklarynyň biri bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz şeýle uly ylym merkezlerini döreden merdana halkymyza, halkymyzyň beýik ogullaryna buýsanmaga haklydyrys.

 

Hemra Haýtjanow.

  • 105
  • 21.06.2019