MAKALA

Wysala gowşan arzuwlar

Her bir ynsanyň ýüreginde besleýän arzuwlary bolýar. Şol ganatly arzuwlarynyň amala aşmagy üçin bolsa ynsan köp yhlas çekýär. Ynha, yhlas bilen öz maksatlaryna ýeten, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň kalby joşgunly uçurymlary ak ýola rowana boldular. Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Konstitusiýa binasynda uçurymlaryň ýokary guramaçylyk ruhuna beslenen gutardyş dabarasyna Türkmenistanyň Serhet institutynyň uçurymlary hem gatnaşdylar. Biz hem şol baýramçylyk dabarasyna gatnaşan uçurymlaryň ýürekden çykýan buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Agajan Babaýew:

— Ada­myň ýüreginde çagalykdan başlap geljegi bilen bagly islegler peýda bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şol islegler uly arzuwlara öwrülýär. Kalbymda möwç urýan şeýle arzuwlarym meni Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gullugymy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda üstünlikli alyp barmagyma ruhlandyrdy. Şol wagtlar sag-aman gullugymy tamamlasam, Serhet institutyna okuwa girip, serhetçi serkerde boljak diýip, öz öňümde maksat goýdum. Sebäbi meniň çagalykdaky arzuwym serhetçi bolmakdy. Ynha, bu gün meniň iň uly ar­zuw­la­ry­myň bi­ri ama­la aş­dy. Men — ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Serhet institutynyň uçurymy! Çagalykdan eden arzuwyňa ýetmek, gör, nähili bagt?! Bu günki gutardyş dabarasynda ähli uçurymlaryň hem ýüzleri begençli, ýürekleri joşgunly. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga gelen ene-atalaryň öz perzentlerine ak ýol arzuw edip duran pursatlaryny göreniňde bolsa, göz­le­riň be­genç­li lo­wur­da­ýar. Biz — har­by gullukçylara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys! Uçurymlaryň ählisine bolsa saýlap alan kärlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Maksat Gubaýew:

— Me­ni ser­hetçi serkerde bolmaga agam ruhlandyrdy. Mekdep okuwçysykam, agam Türkmenistanyň Serhet institutynyň uçurymy bolup, serhetçi lybasyny egnine geýip, öýümize gelende, bizi ýanyna çagyryp: «Öz ata Watanyňy, ene topragyňy, mukaddes serhediňi goramak sogap işdir, jigilerim!» diýip, serhediň mukaddesligi hakynda gürrüň beripdi. Şonda: «Men hem siz ýaly serhetçi bolup bilerinmi?» diýip soranymda, agam: «Elbetde, bolup bilersiň. Onuň üçin sen mert, edermen ýigit bolup ýetişmäge çalyşmaly, çünki Watan goragy diňe mertlere ynanylýandyr!» diýip jogap beripdi. Şol günden soň ähli arzuwym, maksadym serhetçi bolmaga tarap gönükdi. Yhlasym ýerine düşüp, nesibäm çekip Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girdim. Men hem şu joşgunly pursatdan peýdalanyp, biz — har­by gul­luk­çy­la­ra bi­lim al­maga, hünär öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýaryn! Eginlerine Asmandaky ýyldyzlar ýaly lowurdap duran ýyldyzlary dakyp, ak ýola rowana bolan uçurymlara bolsa üstünlikleri arzuw edýärin!

Hawa, ata Watana, ene topraga bolan söýgi bu gün uçurymlaryň dillerinde sena bolup ýaňlanýar. Olaryň joşgunly ýüreklerinden çykýan buýsançly sözlerine şaýat bolmak hemmeler üçin hem ýakymly. Goý, ýurt goragçylaryna şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! Mähriban uçurymlaryň bolsa ýollary ak, ruhlary mundan beýläk hem belent bolsun!

Selbi Aşirowa.

  • 107
  • 21.06.2019