MAKALA

Şöhratly geçmişiň ýaňy

Taryhy maglumatlara görä, Atilla Rim imperiýasynyň paýtagt şäheri bolan Mediolanumy (Milany) eýeländä, ýeňiş dabarasy bilen ol ýerdäki imperator köşgüne barýar. Haçanda Atilla köşge girende tagtyň üstünde oturan rim imperatorynyň we onuň aýagynyň astynda serilip ýatan öli skifleriň şekili suratlandyrylan görnüşdäki uly surata gözi düşýär. Şonda ol bu suraty çeken hudožnigi, ýagny suratçyny tapmagy buýurýar we ony özüniň tagtda oturan, rim imperatorlarynyň bolsa öz aýagynyň astyna haltalap altynlaryny döküp duran görnüşdäki suraty çekmek barada perman berýär. Munuň özi Atillanyň harby ýörişleriniň esasy maksatlarynyň biriniň öz watandaşlarynyň mertebesini dikeltmekden ybarat bolandygyny tassyklaýar.

Atillanyň Rimi doly eýelemän bu ýerden gaýdandygy barada taryhy çeşmelerde dürli maglumatlar berilýär. Rim papasynyň kätibi ýagny, mürzesi Prosperiň ýazyp galdyran maglumatlaryna görä, rim papasy öz döwrüniň atly-abraýly rimlileri Awiena we Trigeti bilen bilelikde gunlaryň serdary Atila bilen duşuşyp, gepleşikler geçiripdir. Olar Atilladan bu ýurdy terk edip, Dunaýdan aňryk geçmekligini haýyş edipdirler. Söweşlerde ýesir düşen rimli esgerleriň belli bir mukdarda pul töläp boşadylmagy barada ylalaşypdyr. Atillanyň Rimden yzyna dolanylmagyna onuň geňeşdarlarynyň dünýäni paýtagty hasaplanýan Rimi eýelese, öň bu paýtagty basyp alan gotlaryň hökümdary Alarihiň keç ýazgydy başyna düşjekdigi baradaky maslahatlary sebäp bolupdyr. Sebäbi gotlaryň hökümdary Alarih dünýäniň paýtagty Rimi basyp alandan soň aradan çykypdyr.

Atillanyň Italiýadan gitmeginiň hakyky sebäbi şol wakalaryň gözli şaýady bolan Idasiýniň sene ýazgylarynda ynandyryjylykly beýan edilipdir. Ýagny wizantiýaly imperator Markiana tarapyndan Flawiý Aesiýniň baştutanlygynda iberilen goşun gunlaryň goşmaça güýçleri ýolda düşlän wagtalarynda üstlerine çozup, Atillanyň goşuny bilen olaryň arasyny kesýär. Ikinjiden hem bu ýeriň çygly deňiz howasy goşunyň arasynda öýken keseliniň ýagny, gyrgynçylykly keseliniň döremegine getirýär we goşuna howp salýar. Taryhçylar gunlaryň Italiýadan gitmegine gyrgynçylykly keseliň aýgytlaýjy sebäp bolandygy baradaky pikir bilen doly ylalaşýarlar. Atilla Italiýadan yzyna dolanyp gelýän wagtynda Wizantiýany ýene-de howp astyna salyp aradan çykan imperator Feodesiýniň ähti-peýman eden pajyny tölemeklerini talap edýär. Imperator Markiana gunlaryň serdary bilen ylalaşyga gelmek üçin oňa gymmat bahaly sowgat-serpaýlary iberýär, emma Atilla ondan ýüz döndüripdir. Atillanyň 453-nji ýylda biwagt aradan çykmagy Rim imperiýasyny we onuň töweregindäki ýurtlary hemişelik howpdan dyndyrypdyr.

Atillanyň ölümine onuň burnundan gan gelmegi sebäp bolupdyr. Taryhçylar Iordan we Prisk Atillanyň aradan çykmagynyň sebäbini we onuň jaýlanyşy barada maglumatlar ýazyp galdyrypdyrlar. Ol maglumatlara görä, Atilla görk-görmekde, gözellikde, deňi-taýy bolmadyk Ildiko atly gyzy aşyk bolýar we oňa öýlenýär. Toý gijesi bu gyzyň gözelliginden aýşy-eşretden humarlanyp, huşy başyndan uçan we güýçden gaçan Atilla daňa golaý çuň uka gidýär. Ol süýji ukuda ýatyrka burnundan gan gelip, bokurdagyna dolýar we dem alyp bilmän bogulýar, şonuň netijesinde hem heläk bolýar.

Atillanyň jesedini giň sähralykda ýerleşen ýüpek çadyryň ortasynda ýerleşdirýärler. Şeýlelikde, günbatarly taryhçylarynyň beýan etmegine görä, olar üçin örän geň hem haýran galdyryjy matam dabarasy başlanýar. Gunlaryň saýlama atly ýigitleri onuň jesedi ýerleşdirilen tabydynyň daşyndan aýlanyp başlaýarlar, şol bir wagtda hem olar Atillanyň gahrymançylygyny, edermenligini, gaýduwsyzlygyny, mertligini wasp edýän agy aýdymlaryny aýdýarlar. Munuň özi türkmen halkynda däp bolan matam dessurlaryny, ýagny agylary ýada salýar. Şol döwrüň taryhçylarynyň ýazmagyna görä, şeýle ahy-perýatlaryndan soňra onuň jesedi ýerleşdirilen tabydy tutuş serkerdeleriniň, wepaly esgerleriniň, il günüň ugratmagynda gadymy gorgana, ýagny görhana-mazarystanlyga alyp gidýärler. Atillanyň jesedini üç gatdan – birinjisi gyzyldan, ikinjisi kümüşden, üçünjisi berk demirden ýasalan tabyda ýerleşdirip, jaýlanan ýerini duşmanlar bilmez ýaly gije, gizlin ýagdaýda depin edipdirler.

Atilla aradan çykandan soň, onuň beýleki aýallaryndan bolan ogullary gunlaryň uly imperiýasyny, ýagny nesişalygyny öz aralarynda bölüşmäge başlapdyrlar. Emma şol döwürde gunlaryň tabynlygynda bolan beýleki halklaryň serdarlary täze hökümdarlara tabyn bolmakdan boýun gaçyrypdyrlar. Gepidleriň hökümdary Ardarih köp sanly german taýpalarynyň gozgalaňyna baştutanlyk edip, 454-nji ýylda gunlara garşy söweşýär we Atilanyň ulagly Elagy (Allagy?!) öldürýär. Atillany kiçi ogly Ernak gunlaryň beýleki bir bölegi bilen Dunaýyň gündogaryna, Wizantiýanyň çäklerine tarap çekilýär we soňra gotlara garşy söweşlere baştutanlyk edýär. Taryhçy Marselliniň sene ýazgylarynda Atillanyň nesilleri baradaky ahyrky maglumatlar 469-njy ýyla gabat gelýär, ýagny ol Atillanyň ogly Dengizikiň (Deňizhan?!) Konstantinopolda wepat bolandygy barada maglumat berýär. Gun taýpalary soňra beýleki çarwa taýpalary bilen goşulyşypdyrlar. Gunlaryň etnonimi VI asyryň taryhçylarynyň ýazgylarynda uly orun alypdyr we Gara deňziň demirgazyk kenar ýakalarynyň üsti bilen günbatar ýewropanyň üstünden äpet deňiz tolkunlary görnüşinde inen howp hökmünde suratlandyrylypdyr. Taryhçy Iordan Atillanyň häsiýetini we daşky keşpini suratlandyryp onuň ruhubelent, buýsançly başly, namysjaň, gözleri uçganaklap duran örän berk bedenli, öz güýç-gaýratyna göwni ýetýän, dogumly adam bolandygyny nygtaýar. Atillanyň ussat söweşiji, şonuň bilen bir hatarda örän paýhasly, günäsiniň geçilmegini towakga edýän, duşmanlaryny bagyşlap bilýän rehimdar, şeýle hem bir gezek ynamyny ödän adama hemişelik ynanan mert serkerde bolandygy tassyklaýar. Atilla daşky keşpi boýunça orta boýly, döşleri giň, kellesi uly, kiçi gözli, seýrek çal sakgally, ýasy burunly adam bolupdyr.

Dowamy bar.

Myrat Tuwakow,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

  • 88
  • 21.06.2019