MAKALA

5G ulgamly 3-nji Ýewropa ýurdy

Tehnologiýanyň 5G ulgamly aragatnaşyk hyzmatlary kem-kemden tutuş dünýäde ýaýbaňlanyp ugrady. Aziýanyň tehnologiýa babatda öňdebaryjy ýurdy bolan Koreýadan, Ýaponiýadan we Hytaýdan soňra, Ýewropa ýurtlarynda hem bu ugurda öňegidişlikler gazanylýar. Ýewropada Italiýa 5G ulgamly 3-nji ýurt boldy. «Vodafone» kompaniýasy birbada Italiýanyň 5 uly şäherinde 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döretdi. 5G ulgamy Milan, Rim, Turin, Bolonýa we Neapol şäherlerini gurşap aldy. 2021-nji ýyla çenli Italiýanyň 100 şäherinde bu ulgam ýaýbaňlandyrylar.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropada 5G ulgamly mobil aragatnaşyk hyzmaty ilkinji bolup Şweýsariýada ýola goýuldy. Soňra bu tehnologiýa Beýik Britaniýada işe girizildi. Aragatnaşygyň täze nesliniň maglumat geçirijiliginiň tizligi 4G ulgamyndan 40-50 esse has ýokary bolar.

5G ulgamly ilkinji synaglar aprel aýynda Koreýada geçirildi. Şonda internet tizligi 193-den 430 Mbit/s-e çenli ýetdi.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 38
  • 21.06.2019