MAKALA

Watan öňündäki mukaddes borç

Watany goramak, oňa gulluk etmek adamzadyň ykbalynda esasy borç bolup durýar. Çünki her bir ynsan doglandan tä ömrüniň ahyryna çenli Watana gulluk edýär. Şol sebäpli «Watana gulluk tamamlanmaýar» diýen jümläniň ähmiýeti has anyk ýüze çykýar. Hiç wagt Watan bilen üzlüşmek ýok, diňe oňa gulluk etmek bar. Şonuň üçin ata-babalarymyz nesil terbiýesinde watansöýüjilik duýgusyny belende göteripdirler.

Her ýylda 18 ýaşy dolan raýatlarymyzy çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak we kanunda bellenen möhletleri gulluk eden çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga goýbermek dabarasy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby bölümlerinde giň gerime eýe bolýar. Bu babatda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» çykaran Permany Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çagyryş boýunça harby gulluga kabul edilýän ýaş ýigitler ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, harby aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmaklarynda dabaraly ýagdaýda garşylanýar. Olar harby bölümiň çägi, taryhy, gulluk şertleri bilen tanyşdyrylýar.

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nda Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk möhletini tamamlan esgerleri ätiýaçlyga ugratmak mynasybetli guralýan dabaralar hem ähli harby bölümlerde uly ruhubelentlige beslenip, ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrülýär. Şeýle dabaraly çärelerde il sylagly ýaşulular Watan mukaddesligi, ony gözüň göreji deýin gorap, il-ýurduňa hemişe ak ýürekden hyzmat etmelidigi barada öwüt-nesihatlaryny bermek bilen, olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary barada uly alada edýändigini buýsanç bilen nygtaýarlar. Şeýle hem bu çärelerde bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylaryň arasynda tapawutlananlar höweslendirilýär we olaryň maşgala agzalaryna Minnetdarlyk hatlary, ýadygärlik sowgatlary ýollanylýar.

Bilşimiz ýaly, her bir ýaş ýigit çagyryş boýunça harby gulluga gelen mahaly harby kasam kabul edýär. Watançylyk kasamy bolsa Watana we onuň goýnundaky ähli mukaddesliklere, ezizliklere wepaly bolup, il-ýurduňa ak ýürekden gulluk etjekdigiň, mukaddes topragy gözüň göreji deýin gorajakdygyň baradaky berlen sözdür. Harby kasam bizi harby gullugymyzy has-da jogapkärçilikli ýerine ýetirmäge borçlandyrýar. Aslynda, halkyny bimöçber aladalary bilen gurşaýan hormatly Belent Serkerdebaşymy­zyň ar­ka dur­ma­gyn­da Wa­ta­na gul­luk et­mek — bagtyň çürbaşy. Berkarar döwletimizi arzuwlan pederlerimiz Watany goramagy, gerek bolsa Watan üçin şirin janyňy hem gaýgyrmazlygy bize wesýet edipdir. Sebäbi Watana gulluk etmek her bir adam üçin ägirt uly borçdur. Watan diý­mek — top­rak diý­mek­dir. Şo­nuň üçinem Oguz han atamyzyň «Ser bereris, ýer bermeris» diýen jümlesinden ruhlanyp, Watanymyzy jan aýaman goramalydyrys! Çünki Watan goragy diňe mert, gaýduwsyz, edermen ýigitlere ynanylýandyr.

 

Azat Aganyýazow.

  • 125
  • 22.06.2019