MAKALA

Datly tagamlar desterhanda

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýuna ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda, serhetçiler hem gullukda gazanýan üstünlikleri bilen sowgatly barýarlar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda gulluk edýän esgerleriň arasynda «Serhet goşunlarynyň iň ökde aşpezi, çörek bişirijisi» ady bilen geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem şanly toýa özboluşly sowgat boldy.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hataryna Watan öňündäki harby gullugyny geçmäge gelen ýigitlere dürli harby hünärler öwredilýär. Şol sanda aşpez we çörek bişirijilik ugrundan hem hünärmenler taýýarlanýar. Bu hünärmenler bilen bolsa, ýokarda ady agzalan bäsleşik her ýyl geçirilýär.  

Bäsleşigiň öz gulluk edýän harby bölüminiň çägindäki tapgyrynda tapawutlanyp, jemleýji bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik alan hünärmen esgerler aşpezlik we çörek bişirmek ugrunda başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan gollanan esgerler naharlary, şerbetli içgilerdir işdäaçarlary tagamly taýýarlamakda aýratyn yhlas görkezdiler. Çörek bişirmekde bolsa öz ukyp-başarnyklaryny hünärinden aýamadyk esgerler mele-myssyk çörekleri desterhana goýdular. Gün deý lowurdap duran çörekleriň agzyňdan gitmejek datly tagamy çörek bişiriji esgerleriň öz hünärine näderejede ussatdyklaryny ýene-de bir gezek aýan etdi.

Taýýarlanan datly tagamlara hünärmen esgerleriň yhlasy siňdi. Tagamlaryň taýýarlanyş wagty, saçaklardaky bezeg aýratynlyklary, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi, aşpeze we çörek bişirijä mahsus medeniýetlilik eminleriň aýratyn üns merkezinde boldy. Taýýarlanan tagamlaryň birini goýup, birini saýlamak, ýeňijileri kesgitlemek eminlerden köp zähmeti talap etdi. Şeýlelikde olar aşpez esgerleriň arasyndan hemem çörek bişiriji esgerleriň arasyndan birinji, ikinji, üçünji baýrakly orunlary eýelän ýeňijileri mälim etdiler we olara Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hormat hatlaryny hem-de ýadygärlik sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 83
  • 21.09.2018