MAKALA

Minskde 2-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

21-nji iýunda 2-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy Minsk şäheriniň «Dinamo» Milli Olimpiýa stadionynda geçirildi. Stadionyň merkezinde uly multimedia ekranly süýşýän sahna ýerleşdirilipdir.

Dabara Belarussiýa Respublikasynyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ýewropanyň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Ýanez Koçiançiç we başga daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Belarussiýanyň döwlet baýdagyny ýurduň 6 welaýatyndan 14 sany ýörite milli bezeglen geýimli çagalar çykardy. Olar Bretsk, Witepsk, Gomelsk, Grodnensk, Minsk we Mogilýow we ýedinji jübüt bolsa Minsk şäheri bolup durýar. Çagalar baýdagy hormat garawulynyň esgerlerine gowşurdylar. Soňra döwlet baýdagy galdyrylyp, Belarussiýanyň döwlet senasyna ýaňlandy.

Bu dabara gatnaşýanlar ilki Belarussiýanyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, milli geýimleri bilen tanyşdylar. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde türgenleriň köpçülikleýin dabaraly ýörişi geçirildi. Oňa Ýewropanyň 50 ýurdundan 2700 türgen gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, ilkinji bolup, Gresiýanyň türgenleri ýörişiň öňüni çekdi.  

Ýörişden soňra türgenler stadionyň merkezinde bardylar we janköýkerler bilen bilelikde,  uly şowhunly tomaşa syn etdiler. Dabaranyň ahyrynda bolsa 2-nji Ýewropa oýunlarynyň alawy ýakyldy we onda däp bolşy ýaly, oňa gatnaşýan türgenler, eminler kasam kabul etdiler.

2-nji Ýewropa oýunlary Minsk şäherinde 21-31-nji iýun aralygynda geçiriler. Oňa jemi 4 müňe golaý türgenler gatnaşyp, sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşyp, 200 sany baýraklara eýe bolarlar.

 

  • 31
  • 22.06.2019