MAKALA

Seniň ýaşyňda

(Türkmen soltany Beýbars hakynda)

Müsür taryhynda yz galdyran ýene bir türkmen soltany Az-Zahyr Beýbars al-Bundukdardyr. Ol 1223 — 1225-nji ýyllarda doglan diýlip çaklanýar. Ady «Barslaryň begi» manysyny berýän Beýbarsa türki halklaryň köpüsi özüni deň şärik saýýarlar. Müsürli taryhçy al-Aýnynyň «Ikd’ul-Juman fi-Tarihi Ehli-z Zaman» («Döwürdeşleriň dür monjugyna düzülen taryhy») diýen kitabynda ol hakda söz açyp: «Gypjak sähralarynda dünýä inen Beýbars ibn Abdylla türkmenleriň uly taýpalarynyň biri burjlara degişlidir» diýip ýazýar. Meşhur taryhçy an-Nuweýri bolsa «Beýbars türkmendir (türkdür), ol oguzlaryň ýaparly taýpasyndan» diýip belleýär. Beýbars hakda uly göwrümli makala ýazan arapşynas alym R.Gylyjow çeşmeleriň aglaba böleginiň, has dogrusy, ählisiniň diýen ýaly Beýbarsyň türkmendigini tassyklaýandygyny nygtaýar. Beýbarsyň urugynyň aslynyň Maňgyşlakda ýaşandygy hakda maglumat bar. Taryhçy Ö.Gündogdyýew Beýbarsy türkmenleriň burjogly taýpasyndan hasaplap, taýpanyň oňonynyň börüdigini, onuň kaýy, taryg, dokuzoba taýpalary bilen birlikde oguz taýpalarynyň uly birleşmesine girendigini ýazýar. Beýbarsyň burjogullary taýpasyndandygyny onuň döwürdeşleri-de, ondan soňky müsürli taryhçylar-da tassyklaýarlar. Ibn Wasyl (1207 — 1297 ý.), Ibn Şeddad (1217 — 1285 ý.), Ibn Abduzahyr (1223 — 1293 ý.), al-Makrizi (1356 — 1441 ý.), al-Aýny (1361 — 1451 ý.), Ibn Iýas (1448 — 1524 ý.) ýaly taryhçylar öz işlerini Beýbarsyň hökümdarlygyna bagyşlapdyrlar. Ykbal Beýbarsy 14 ýaşynda gul edilip satylyp, Krymyň üsti bilen Siriýa, ol ýerdenem Müsüre eltýär. Taryhçylar Ibn Taňryberdiniň, Ibn Iýasyň Beýbarsyň aýalynyň Eýýuby soltany Mälik Salyh tarapyndan Müsüre çagyrylan horezmlileriň serdary Husameddin Berke-han ibn Döwlet-han al-Horezminiň gyzy bolandygyny beýan etmegi, onuň nesil-nebere daragtynyň türkmendigini ýene-de bir gezek tekrarlasa gerek. Beýbarsyň Memluk türkmenleriniň döwletiniň esaslandyrylmagynda bitiren hyzmaty uludyr. Ol Aýbeg Türkmeniň tagta geçmegine goldaw berýär. Aýbegiň meşhur serkerde Aktaýy jezalandyrmagyndan göwni galyp, 1255 — 1259-njy ýyllarda Siriýa gidýär. Kutuzyň ýaraşyk syýasatyna boýun sunup, 34-36 ýaşlarynda Müsüre dolanýar. Entek tagta geçmänkä, 35-37 ýaşynda Aýn-i Jalut söweşinde Kutuzyň ýanynda ajaýyp ýeňiş gazanýar. Beýbars, takmynan, 37-39 ýaşlarynda (1260-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda) «Mälik az-Zahyr Rukneddin» derejesini alyp, tagta oturýar. Beýbars Memluk türkmenleriniň Bahry şahasynyň taryhynda täze bir döwrüň başyny başlady. Özüniň başarjaň syýasaty netijesinde ol 17 ýyllap (1260 — 1277 ý.) hökümdar boldy. Beýbars mongollaryň memluk ülkesine eden çozuşlaryny üç gezek (1265, 1269, 1271-nji ýyllar) başarjaňlyk bilen yza serpikdiripdir. Beýbars mongollar babatda diňe bir goranyş häsiýetindäki syýasaty ýöretmän, olaryň üstüne hüjümler edip, memluklaryň güýjüni görkezipdir. Bu göreşde Anadolydaky türkmen beglikleriniň goldawyny gazanyp bilipdir. 1275-nji ýylda mongollara garşy ýörişinde ony Gara deňziniň Sinop, Samsun etraplarynda gurlan türkmenleriň Perwana ogullary begliginiň hökümdary Muyneddin Süleýman goldapdyr. Beýbars mongollara garşy Elbistan söweşinde (15.04.1277 ý.) ajaýyp ýeňiş gazanyp, Kaýsaryda Seljuk türkmenleriniň tagtynda oturypdyr. Mongol hökümdary Abaka handan gorkusyna käbir seljuk begleri Beýbarsy bu ýeňşi bilen gutlamaga gelmänsoň, ol gahar bilen Müsüre dolanypdyr.

Beýbars daşary syýasatda ikinji ugry — haçparazlara garşy göreşi hem ahmal etmändir. Haçparazlara garşy ilkinji ýeňşini 25-27 ýaşlarynda (1250-nji ý.) Eýýuby goşunynyň serkerdesi hökmünde El-Mansure we Fariskur söweşlerinde gazanýar. Şol söweşde ol fransuz koroly Lýudowik IX ýesir alanlaryň biridir. Haçparazlaryň üstünden gazanan esasy ýeňşi Antakýany ele geçirmegidir (1269 ý. apreli). Döwrüň taryhçysy al-Makriziniň şaýatlyk etmegine görä, ganymat olja alan memluklar puly legenler (kersenler) bilen bölüşipdirler, özüne ýesir ýetmedik memluk bolmandyr. Beýbars haçparaz galalarynyň käbirini haýbat, şäherleriň aglabasyny bolsa söweşsiz tabyn edipdir. Ol galalaryň ilatyna adyl göz bilen garamagy baş şert hökmünde orta goýupdyr. Mongol-tatarlary derbi-dagyn edensoň, ilkinji çykaran permany adamlaryň milletine, reňkine, dini ynanjyna seretmezden, birek-biregi sylamak, hormatlamak hakda bolupdyr. Beýbarsyň ýene bir hyzmaty onuň Apbasy neberesinden bolan halyflaryň iň soňky mirasdüşeriniň janyny mongollardan halas edip, ony 1261-nji ýylda Kairde al-Muntasyr ady bilen halyf diýip yglan etmegidir.

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 87
  • 22.06.2019