MAKALA

Ösüşli ýollarda

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmekde düýpli işler amal edilýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň örän wajypdygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça anyk işleriň pudak maksatnamalary hereket edýär.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasion esasly önümçilige geçirmek, döwrebap tehnologiýalaryň hasabyna täze harytlary öndürmek, elektron resminama dolanyşygyny döretmek, telelukmançylygy, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny okuw işlerinde ulanmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça belli bir derejede tejribe toplandy. Sanly maglumatlar bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrülip, makroykdysady görkezijilere öz täsirini ýetirýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we Internet-üpjünçilik ulgamlary sanly ykdysadyýetiň binýatlyk esaslarydyr. Bu ugurda daşary ýurtlaryň gazanan tejribesinden, öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanyp, okatmagyň we bilim bermegiň usulyýet esaslary pugtalandyrylýar. Şu meselede Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň elektron resminama dolanyşygy we telelukmançylygy işimizi kämilleşdirmäge nusgalykdyr.

Ýaş nesle bilim bermegiň ähli basgançaklarynda sanly tehnologiýalar giňden peýdalanylyp, bilimiň esaslary elektron maglumatlar bilen baýlaşdyrylýar, sapaklaryň mazmuny çuňlaşdyrylýar, hili dünýä derejesine laýyk getirilýär

Häzirki innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan döwründe dünýä döwletleriniň ösüşi ylmyň gazananlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Bu ugurda jemgyýetiň sowatlylygyny peýdalanmak, ylmyň täze açyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak işleri has ileri tutulýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda sanly ykdysadyýet halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Bilimiň sanly gurşawyny döretmek arkaly onuň elektron serişdeler bilen üpjünçiligi gowulandyrylýar, jemgyýetiň intellektual mümkinçilikleri artdyrylýar. Ýaş nesle bilim bermegiň hili ýokarlandyrylýar, okatmagyň täze usullary peýdalanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şol ösüşler ulgamyň merkezlerine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da tapawutlanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze kompýuter tehnikalary, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi.

Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredildi. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen diňe bir ýaş nesle däl, eýsem dürli ýaşdaky raýatlara hem internet hyzmatlaryndan peýdalanmaga, belli bir aralykdan bilim almak usullary arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik döredildi.

Milli Liderimiziň başda durmagy bilen bilim babatda amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň barşynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi giňeýär. Olar ýurduň ösüş, şol sanda, halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşme şertlerine laýyk getirilýär, bu bolsa bilim ulgamyna köp dilliligi ornaşdyrmagy talap edýär. Berkarar döwletimizde bilim ulgamynyň täze belentliklere çykandygyna soňky ýyllarda ýaş alymlaryň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça bäsleşikleriň ýygy-ýygydan geçirilýändigi, olaryň dürli derejedäki halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary hem anyk şaýatlyk edýär.

 

Güljahan Kullaýewa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

  • 32
  • 24.06.2019