MAKALA

AFK-nyň kubogy - 2019: «Istiklol» - «Altyn asyr» duşuşygyna BAE-li hünärmenler eminlik eder

AFK 26-njy iýunda «Istiklol» bilen «Altyn asyryň» arasynda boljak duşuşygyň eminlerini kesgitledi. Duşenbe şäherindäki Merkezi Respublikan stadionynda geçiriljek duşuşygyň baş emini FIFA derejeli BAE-li hünärmen Sultan Abdulrazzak Al-Marzuki bolar. Oňa watandaşlary Masud Hasan Fard bilen Al Raşid Al-Nuaými kömek berer. Bu barada «Istiklolyň» resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Omandan Kasim Matar Al-Hatmi, gözegçi emini Saud Arabystanyndan Rustom Ýusef Mirza, komissary Iordaniýadan Munim Isa Ilýas bolar.

Duşuşygyň ýerli wagt bilen 19:00-da başlanjakdygyny aýdylýar.

  • 47
  • 24.06.2019