MAKALA

Türkmen türgenleri dört medal gazanmagy başardylar

Türkmen türgenleri sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça «Grand Prix Nur-Sultan 2019» atly Gazagystanyň paýtagtynda geçen halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýene-de bir altyn, iki kümüş we bir bürünç medallary gazanmagy başardylar.

Olaryň ikisi – kümüş we bürünç medallar: 2018-nji ýylda 85 kg-da Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp bolan Mergen Joraýewe degişli.

Ýaş türgen Musa Kasymow 30 kg agram derejesinde çykyş edip, ýaryşyň altyn medalyna, Kaýumberdi Döwletow bolsa 66 kg agram derejesinde ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.  

«Grand Prix Nur-Sultan 2019» atly ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 2 medaly, ýagny altyn we bürünç medallary eýelemegi başarypdy. Olaryň eýeleri bolsa, Aziýanyň çempiony Saýara Awezmetowa (48 kg) we Isa Kasymowdyr (55 kg).

Bu gazanylýan üstünlikler türkmen sportunyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 36
  • 25.06.2019