MAKALA

Hanlar hany Baýram han

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça täze üstünliklere eýe bolýar. Baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňur çemeleşip, türkmen taryhynda uly yz galdyryp giden beýik şahslarymyz baradaky bize belli bolan we täze anyklanylan gymmatly maglumatlary halka ýetirmek, mukaddes borjumyzy abraý bilen ýerine ýetirdigimiz bolar. Şol esasda, halkyň jümmüşinden çykan beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr Baýram han Türkmeniň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi danalyk, ynsanyýetiň gymmatly, adalat ugrunda jan çekýän we göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan şahsyýetdir.

Aslyýetinde Baýram han taryhy sahnada nähili peýda boldy, oguz nebereleriniň haýsy şahasyndan gaýdýar?

Mogol imperiýasynyň, ýagny babyrylaryň Owganystanda, Hindistanda, Päkistanda XVI asyrda dörän döwründe türkmenler häzirki Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda-da döwlet gurupdyrlar we dagynyk ýagdaýda-da ýaşapdyrlar.

Baýram han bolsa Türkmenistandan daşarda ýaşan türkmenleriň wekilidir. Ol barada we onuň bilen bagly Mogol imperiýasynyň ilkinji üç patyşasy barada gymmatly maglumatlar ýazuw çeşmelerinde ýazylypdyr. Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandi «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldi, çünki ol mogol däl-de, türkmendi, oňa görä-de mogol hökümdarlarynyň köşklerinde onuň duşmanlary-da bardy» diýip belläpdir.

Baýram han türkmenleriň baharly tiresine degişlidir. Bahar, bahar ili, baharly türkmeniň gadym tireleriniň biri bolup, özüniň gözbaşyny Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan we onuň ogly Imrden alyp gaýdýar. Imr boýy, hususan-da onuň baharly şahasy taryha beýik şahslary berendir. Olardan Ýunus Emre, Baýram Hoja, Gara Ýusup, Jahanşa Hakyky, Baýram han hanhanan, Abdyrahym hanhanan, Aly Şeker (Şükür) beg, Soltanguly Kutubşa, Emirhan Mosully, Magrupy we başgalar bar. Türkmeniň bu tiresiniň wekilleri taryhda Garagoýunly, Kutubşa döwletlerini döredenlerdir. Hindistandaky Beýik Mogollar döwleti bolsa türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry we döwlet işgäri Baýram han Türkmeniň aýratyn tagallasy bilen imperiýa derejesine ýetirildi. Türkmeniň baharly tiresi dünýäniň köp ýerlerine ýaýrandyr.

Baharlylaryň gatnaşmagynda döredilen döwlet türkmenleriň Garagoýunly döwletidir. XIII asyryň başlarynda, mongollaryň zulumynyň aşagynda galmajak bolup, Mawerannahrdan – Türkmenistandan günbatara akym bolup giden türkmenleriň arasynda baharlylar hem bar eken.

Garagoýunlylaryň taryhyna bagyşlap eser ýazan Faruh Sümer taryhy çeşmeleri öwrenip, olaryň Anadola gelişleri hakda iki rowaýatyň bardygyny belleýär. Olaryň birinjisinde akgoýunlylaryň doganlary garagoýunlylar bilen Türküstandan Azerbaýjana gelip, garagoýunlylaryň Erzinjan, Siwas, Wan bölgelerinde ýurt tutandyklary nygtalýar.

Faruh Sümeriň «Taryhy Türkmanyýýa» atly işe salgylanyp getirýän ilkinji rowaýatyna görä, garagoýunlylar Töre beg atly serdarynyň ýolbaşçylygynda, mongollaryň basgysyna galmajak bolup, Türküstandan Eýranyň üsti bilen Gündogar Anadola göçüp gelipdirler. Olaryň sany 30 müň çadyrdan hem köp eken.

Döwletşa-da öz tezkiresinde Isgender Mürze bilen bagly wakalaryň üstünde duranda, baharlylaryň gadymy ýurtlary barada gürrüň gozgap, olaryň asyl watanynyň Türküstanyň Gazgurt diýen ýerdigini nygtaýar. Abulgazy «Şejereýe Terakime» («Türkmenleriň nesil daragty») atly işinde Döwletşanyň pikirini tassyklap, ony has-da ösdürýär. «Türkmenleriň — oguzlaryň ata Watany gündogarda Yssyköl, Almalyk, günortada Saýram, Gazygurt dag, Garajyk dag, demirgazykda Uly dag, Kiçi dag, günbatarda – Syrderýanyň aýagy, Ýaňykent şäheri we esasan, Garagumyň töweregi – şu giň aralyk bolup, olar 4-5 müň ýyl ozal şol ýerlerde ýaşapdyrlar we gaýy, baýat, salyr, imr boýlarynda uly döwletleri döredipdirler» diýýär.

Beýleki taýpalar bilen birleşip, Garagoýunly ady bilen XIV asyryň ikinji ýarymynda baharlylar tiresiniň serdary Baýram Hoja «Garagoýunly ýaranlygyny» esaslandyrypdyr. Çünki olaryň baýdaklarynda gara goýnuň suraty şekillendirilipdir.

Döwletiň merkezi şäheri Töwriz hasaplanypdyr. Bu döwletiň görnükli patyşalary Gara Ýusup Baharly, soňra Jahanşa Hakyky bolupdyr. Biziň şu mysallary getirmegimiziň esasy sebäpleriniň biri hem görnükli serdarlaryň we döwlet işgärleriniň biri bolmak bilen, Baýram hanyň aýalynyň Aly Şükür begiň gyzyndan dörän neberesinden bolan Selime Begimdigini aýtmak. Selime Begimiň eje tarapyndan Jahanşa Baharlynyň neberesindendigi taryhy çeşmelerde tassyklanýar. Ol barada işiň dowamynda subut etmäge çalşylar.

XV asyryň ahyry, XVI asyryň başy türkmenler üçin galagoply döwrüň başlanan döwri bolupdyr. Mawerannahry eýelän, asly Deşti-Gypjakdan bolan özbek hany Muhammet Şeýbany han Horasana gandöküşikli ýörişleri geçirip başlaýar. Soňky temirilerden bolan Fergananyň häkimi Zahyreddin Muhammet Babyr ençeme gezek özbek hanlary bilen söweşip, netijede ýeňlip, kakasynyň Kabuldaky mülkünde ornaşýar.

1467-nji ýylda Garagoýunly türkmenleriň ýaranlygynyň döwletiniň we döwleti dolandyran Baharly hökümdarlygynyň dargadylanlygy sebäpli, Hemedanda, Töwrizde, Günorta Azerbaýjanda ýaşaýan baharlylar Eýrana, Horasana göçüp başlaýarlar. Şolardan Baýram han Baharlynyň kakasy Seýfaly, atasy Ýaraly (Janaly) töweregindäkiler bilen Badahşanda ýerleşýärler. Zahyreddin Muhammet Babyr bilen türkmenleriň baharly taýpasynyň wekilleri ýakynlaşýarlar. Aly Şükür begiň Paşa begim atly gyzyndan bolan Salyha Begim 1516-njy ýylda Zahyreddin Muhammet Babyra durmuşa çykarylypdyr. Temiriler bilen baharlylaryň arasyndaky öňden dowam edip gelýän garyndaşlyk has hem berkäpdir. Babyr we Salyha Begim ikisinden bolan Gülruh begim nagyşbendi hojalaryndan bolan Mürze Nureddin Muhammet Nagyşbendä durmuşa çykarylypdyr. Bulardan 1538-nji ýylda Selime Begim dünýä inipdir. Baýram hanyň hem ejesi Nakyba hanym nagyşbendi hojalaryndandyr. Babyryň agtygy Gülruh Begimiň gyzy Selime Begim Humaýunyň wesýetine görä, 1557-nji ýylyň dekabr aýynda Baýram han bilen durmuş gurýar.

Heniz Zahyreddin Babyr Beýik Mogollar döwletini döretmänkä, Baýram hanyň atasy Ýaraly begiň dogany Piraly begi Soltan Hüseýin Baýkara öldürenden soň, Owgan-Türküstandaky Gunduz şäherine 1480-nji ýylda göçüp barypdyr. 1498-1499-njy ýyllarda Babyr Gunduz şäherini eýeläpdir we Ýaraly beg baharlylar bilen Babyryň ygtyýaryna giripdir we Babyryň söweşlerinde esasy orunlarda bolupdyr. Baharlylar Babyryň esasy goşun daýanjyna öwrülýärler.

1497-1498-nji ýyllarda Badahşan welaýatynyň Gala-i Zafar diýen ýerinde Baýram han dogulýar. Ol ýaş wagtynda ejesi Nakyba hanym aradan çykýar. Oňa terbiýe bermekde atasy Ýaraly begiň baştutanlygynda hossarlary ähli mümkinçilikleri döredipdirler. Garyndaşlary Baýram hany Balha äkidip, medresede okadýarlar. Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg we atasy Ýaraly beg 1504-1505-nji ýyllarda Zahyreddin Muhammet Babyryň hyzmatynda bolupdyr. Ýatlap geçilen Alyşükür begiň gyzy Paşa begim Baýram hana enekelik edipdir. Ol geljekki beýik şahsyýete baharly hanedanlarynyň emirleriniň maşgalasyna mahsus terbiýäni beripdir. Baýram han ylahyýet ylymlaryny, edebiýaty gowy öwrenýär. Türkmen, pars dillerini suwara bilip, sowatly adam bolup ýetişýär. Baýram han harby sungat bilen hem gyzyklanýar. Ol şygyr düzmekde kämil derejä ýetýär. Baýram hanyň saz çalmakdan hem oňat başy çykypdyr. Baýram hanyň kakasy Seýfaly 1508-nji ýylda Gazna göçüp gelipdir we Zahyreddin Babyryň adyndan Gaznanyň häkimi bolupdyr. Ýöne ol 1526-njy ýylda söweşde agyr ýaralanyp ýogalýar. Onuň maşgalasy garyndaşlarynyň ýanyna – Balha göçmeli bolýar.

 

(Dowamy bar).

 

Orazpolat Ekäýew,

taryhy ylymlarynyň kandidaty.

  • 184
  • 25.06.2019