MAKALA

Medeniýet hepdeligi — serhetçileriň durmuşynda

Şu günler ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle dabaralar Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde hem ýaýbaňlandyrylýar. Ýakynda bu baýramçylyk mynasybetli Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýiň öňündäki meýdançada serhetçileriň arasynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

Serhetçiler bu ýerde göwün göteriji, watansöýüjilige ýugrulan aýdymdyr sazlary, goşgudyr çykyşlary bilen ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň sarpasynyň belentdigini has-da arzylanýandygyny äşgär etdiler. Ýokary ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly dabaradan soňra, serhetçiler Magtymguly Pyragy muzeýine gezelenç etdiler. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bimöçber tagallalary bilen şahyryň hormatyna bina edilen bu muzeýde, serhetçiler akyldaryň biziň günlerimize çenli miras galan eksponatlary bilen tanyşdylar. Olar bu ýerde halkymyzyň milli özboluşlylygyna, nusgawy şahyrymyzyň peýdalanan esbaplaryna, uýasyna sowgat diýip Hindistandan getiren çäýnegine uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Soňra bolsa serhetçiler bu ýerde baýramçylyk mynasybetli guralan sergä gatnaşdylar. Onda sergilenýän milli gymmatlyklar, şahsyýetiň ruhy keşbini janlandyrýan suratlar, edebi we medeni baýlyklar baýramçylyk joşgunyny goşalandyrdy. Bu guralan dabaraly çäreler, watançylyk we terbiýeçilik ähmiýetli gezelençler mukaddes serhedimiziň goragynda ygtybarly gulluklaryny alyp barýan harby gullukçylar üçin juda täsirli boldy. Serhetçileriň şeýle baýramçylyklary ýokary derejede belläp geçmegi, olar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasy bolup orta çykýar.

 

Batyr Möwlamow.

 

  • 126
  • 25.06.2019