MAKALA

An-225 – dünýädäki iň uly samolýot

An-225 uçary 1980-nji ýylda SSSR-de işläp taýýarlanan we gurnalan. Adamzat taryhynda iň agyr uçar hasaplanýan agramy 640 tonna bolup, onda 6 sany turbo hereketlendirijisi bar, mundan başga-da An-225 iň uly ganat gerimi bolan uçardyr.

Dört ýyl gurluşygyndan soňra 1988-nji ýylda ilkinji we ýeke-täk An-225 gurlup gutarylýar. An-225 ilkibadalar diňe raketa göterijileri we älem gämisi «Buran» üçin döredilipdi. Üstünlikli barlaglardan soňra, bu uçaryň ulanylyşygy sekiz ýyl togtadylýar. Ondan soňra uçar bejerilip we täzeden uly bolmadyk ýükleri daşap, senagat eksplotasiýasyna girizilýär. Uçaryň uçuşyny we gonuşyny onuň şassisyndaky 32 tekerli enjam üpjün edýär.

Germetikden bolan ýük bölüminiň göwrümi 1300 m3, ini 6,4 m, 4,4m, beýikligi 150 tonnalyk generatorlary we lokomotiwleri daşap, şondan bäri An-225 flotyň iş aty bolup galýar. Halkara guramalarda kömek işlerini bermek üçin uçary adatdan daşary ýagdaýlarda uly howply ätiýaçlary çalt daşamakda işjeň ulanyp başlapdyrlar.

Agramy 253 tonna bolan iň agyr ýüki, agramy 186.7 tonna bolan agyr täkleýin ýükleri hem-de uzynlygy 42.1 m ýetýän iň uzyn ýüki daşamakda  An-225 240 sany dünýä rekordyny goýdy.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

 

  • 101
  • 25.06.2019