MAKALA

Serhetçi serkerdeler taýýarlanylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir ýaş nesliň bilimli, ylymly, başarjaň hünärmen bolmaklary üçin döwlet tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Bu gün ýurdumyzyň ýaş nesilleri diňe öz Diýarymyzda däl, dünýäniň iň ösen ýurtlarynda hem okap, bilim alyp, hünär derejelerini kämilleşdirip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitler, beýik ösüşler ilkinji nobatda bilimli, ylymly nesliň güýji zehin baýlygy bilen gazanylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylym-bilime yzygiderli üns berlip, ýokary okuw mekdeplerimiziň maddy binýady pugtalandyrylýar we dünýä ülňülerine gabat getirilýär, täze döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurulýar, täze ýokary okuw mekdepleri döredilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň bu ugurda taryhy işleri üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Watanymyzda ykdysadyýetde, bilim we ylym ulgamlarynda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam edýär. Häzirki döwürde islendik döwletiň kuwwaty we ösüşi ylmyň hem bilimiň ösmegi, hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanmagy bilen belli bir derejede baglydyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň işlerine döwlet işiniň esasy meselesi hökmünde garaýar we okamaga, döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz şeýle taryhy işleriniň çäklerinde berkarar Watanymyzyň dost-doganlyk serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde ýokary bilimli serkerdeleri taýýarlamaklyga hem aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary bilimli, öz hünärine ussat Watan goragçylaryny kemala getirmek hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän täze bilim syýasatynyň hem-de harby özgertmeleriniň özenini düzýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz gol çeken resminamalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Serhet institutyny döredilmegi, 2014-nji ýylyň 14-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözelligine görk goşan hem-de eziz Watanymyzyň dost-doganlyk serhetleriniň ygtybarly goragynyň has-da berkemegine itergi beren Türkmenistanyň Serhet institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde açylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistanyň Serhet institutynyň täze döwrebap binalarynda her ýyl ýüzlerçe talyp okuwa kabul edilip, olara döwrebap bilim berilýär.

Institutyň täze binalar toplumynda harby talyplaryň bilimdir terbiýe almaklary, serhet gullugynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän wezipelerden ussatlyk bilen baş çykarmaklary, kämil tehnikalara, enjamlara başarjaňlyk bilen erk edip bilýän watanperwer serkerdeler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Institutyň täze binalar toplumynda interaktiw multimedia enjamlary bilen üpjün edilen lingafon otaglary, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşykda ylmy-amaly maslahatlary, okuwlary geçirmäge mümkinçilik berýän mejlisler zaly bar. Bu ýerde medeniýet öýi, harby talyplar üçin ýaşaýyş jaýlary, sport toplumlary, ok atyşhanasy, awtodrom we harby tehnikalary dolandyrmagy öwrenmek üçin ýörite meýdança bar. Elektron kitaphana, muzeý, arhiw otaglary we beýleki gulluk hem-de durmuş maksatly ençeme desgalar harby talyplaryň döwrebap bilim almaklaryny, ussat serkerdeler bolup ýetişmeklerini üpjün edýär.

Instituta isleg bildiren raýatlaryň arasyndan halka, Watana, harby kasama, hormatly Prezidentimize wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn ýigitler okuwa kabul edilýär.    

Institutda harby talyplary okadýan mugallymlar harby talyplaryň geçilýän dersleri utgaşdyryp, özleşdirmegi üçin dersara baglanyşygyny ýerlikli peýdalanmaklary babatynda köp aladalary edýärler. Harby talyplaryň hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen tejribe hem-de werzişgärlik sapaklarynyň geçirilmegi, özbaşdak işleri ýerine ýetirip bilmekleri, institutda we ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmaklary, birnäçe kurs işlerini hem-de diplom işini ýerine ýetirmekleri olary has-da taplaýar.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, okap, bilim alýan institutyň her ýylky uçurymlaryna «leýtenant» harby adynyň dakylyşy hem-de hünär derejelerini tassyklaýan şahadatnamalarynyň gowşurylyşy dabaraly ýagdaýda, paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli, gözel ýerleriniň biri bolan Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçirilýär. Munuň şeýle edilmeginiň çuň manysy bar. Çünki Watanymyzyň ähli ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, bu mukaddes işlere gönükdirilen wezipeler gözbaşyny Konstitusiýamyzdan alýar.

  • 65
  • 06.09.2018